Türkmenistan bilen Özbegistan “Alat — Farap” sebitinde serhetýaka söwdany giňelderler

Türkmenistan bilen Özbegistan “Alat — Farap” sebitinde serhetýaka söwdany giňelderler

Türkmenistan we Özbegistan “Alat — Farap” sebitinde serhetýaka söwda tejribesini giňeltmek barada ylalaşyk gazandy. Bu mesele duşenbe güni Daşkentde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda giňişleýin düzümde geçirilen gepleşiklerde maslahatlaşyldy.

Özbegistanyň Prezidentiniň resmi metbugat gullugynyň habar bermegine görä, türkmen hem-de özbek taraplary harytlaryň sanawyny giňeltmek we erkin söwda düzgünini netijeli peýdalanmak arkaly serhetýaka söwda dolanyşygyny 1 milliard ABŞ dollaryndan 2 milliarda çenli artdyrmagyň mümkinçiliklerini bellediler.

Senagat hyzmatdaşlygyny giňeltmek maksady bilen, gurluşyk materiallary, derman serişdeleri, azyk önümleri we beýleki uly islegden peýdalanýan harytlaryň önümçiligini ýola goýmakda işewürleriň işjeň gatnaşmagynyň ähmiýeti bellenildi.

Gazanylan ylalaşyklary öz wagtynda durmuşa geçirmek üçin hökümetara toparynyň hem-de işewürlik geňeşiniň nobatdaky duşuşyklaryny şu ýylyň ahyryna çenli geçirmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistan we Özbegistan Aşgabat bilen Daşkendiň arasynda göni howa gatnawlaryny gaýtadan dikeltmek barada ylalaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri “ŞabatDaşoguz” serhetýaka söwda zolagyny açdylar
Iri şahly mallaryň haram ölmegi bilen bagly ýagdaýlar Lebapda hem köpeldi
Connect for Peace Festival 2026 festiwaly Merkezi Aziýanyň media jemgyýetçiligini bir ýere jemledi
Meşhur ýazyjylaryň meşhur kitaplary
ABŞ, Hindistanyň “Wostok-2022” Türgenleşigine Gatnaşmagyna Alada Bildirýär
“Men Türkiýe Bilen Aragatnaşygyň Kesilmegine Alada Bildirýärin”