ABŞ, Hindistanyň “Wostok-2022” Türgenleşigine Gatnaşmagyna Alada Bildirýär

ABŞ, Hindistanyň “Wostok-2022” Türgenleşigine Gatnaşmagyna Alada Bildirýär

ABŞ, Hindistanyň Russiýa bilen “Wostok-2022” türgenleşigine gatnaşmagyna alada bildirýändigini habar berdi.

Ak Tamyň metbugat sekretary Žan Pýer gündelik metbugat ýygnagynda “Wostok-2022” türgenleşigi hakyndaky soraglara jogap berdi.

Pýer “Russiýanyň, Ukraina garşy guraýan hüjümlerini dowam etdirýän günlerine, ABŞ, Russiýa bilen harby türgenleşik geçirýän ýurtlara alada bildirýär. Emma her bir ýurt öz kararyny özü berer” diýdi.

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berlen beýannama görä, düýn başlan “Woston-2022” türgenleşigine, Russiýa, Hytaý, Hindistan we Azerbaýjan bilen birlikde 14 ýurtdan esger we synçy gatnaşýar.

Ýene degişli makalalar

BDSGG Gazada Çaga Ysmazy Sebäpli Alada Bildirdýär
Dünýädäki iň beýik agajy baryp görmeklik tussag jezasyna getirip biler
Meşhur ýazyjylaryň meşhur kitaplary
“Men Türkiýe Bilen Aragatnaşygyň Kesilmegine Alada Bildirýärin”
ÝHHG-niň Warşawadaky ýygnagynda türkmen resmileri we adam hukuklaryny goraýjylar arasynda hadysa boldy
Hindistanyň saglyk syýahatçylygy türkmenleri özüne çekmegi dowam etdirýär, ýöne howa gatnawy ýok