ÝHHG-niň Warşawadaky ýygnagynda türkmen resmileri we adam hukuklaryny goraýjylar arasynda hadysa boldy

ÝHHG-niň Warşawadaky ýygnagynda türkmen resmileri we adam hukuklaryny goraýjylar arasynda hadysa boldy

26-njy sentýabrda Polşanyň Daşary işler ministrliginiň inisiatiwasy bilen Warşawada adam ölçegi boýunça ýygnak açyldy, oňa ÝHHG agza ýurtlarynyň resmi toparlary we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşýar. Duşuşyga Türkmenistanyň delegasiýasy we Ýewropada ýaşaýan türkmen jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem bardy. Adam hukuklaryny goraýan "Türkmen Helsinki Fondy" (THF) Warşawada türkmen resmileri bilen adam hukuklaryny goraýjylaryň arasynda dörän ýagdaýlar barada habar berýär.

"Türkmen Helsinki Fondunyň" habaryna görä, adam hukuklaryny goraýjylaryň Türkmenistanyň resmi toparynyň wekilleri bilen gepleşmek üçin eden iki synanyşygy başa barmandyr, üstesine-de, türkmen resmileri sorag bermäge synanyşan watandaşlaryna basyş etmek üçin polisiýa ýüz tutupdyr.

THF-nyň habaryna görä, 27-nji sentýabrda sagat 13: 00-da "Demokratik institutlar, demokratik saýlawlar" boýunça umumy mejlisden soň, "Türkmen Helsinki Fondunyň" başlygy Täjigul Begmedowa resmi türkmen toparynyň başlygy Şemşat Atajanowa ýüzlenip, gürleşmegi teklip edipdir.

"Geň zat, Şemşat Atajanowa ýaş kärdeşi Baýly Seilowy guramaçylyk meselelerini çözýän adam hökmünde görkezdi, ýöne ol ikirjiňlenip:" Soňrak soraň "diýdi.Begmedowanyň: "Haçan we kimden?" diýip beren sowalyna jogap bermekden ýüz öwürdi".

Begemedowa: "Näme gorkýarsyňyz, men sizi wideo düşüremok, surat alamok, diňe köpden bäri dowam edip gelýän meseleleri ara alyp maslahatlaşmagy teklip edýärin" diýdi.Gynansagam, delegasiýanyň agzalary gyssagly gitdiler" diýlip, THF-nyň habarynda Warşawada türkmen resmileri bilen bolan gysgaça gürrüňdeşligiň jikme-jiklikleri mälim edilýär.

Şeýle-de, guramanyň habarynda, soňra köçede myhmanhananyň binasynyň golaýyndaky türkmen delegasiýanyň türkmen blogçysy Nurmuhammet Annaýew bilen duşuşandygy habar berilýär. Türkmen wekilleri Annaýewiň soraglaryna hem jogap bermändiler, tersine howpsuzlyk işgärlerine we polisiýa ýüz tutupdyrlar.

"Men olar bilen söhbetdeşlik geçirmek isledim we wideoýazga düşürip, sorag bermäge başladym:"Salam.Siz türkmen wekiliýetiniň wekilleri, size bir sorag berip bilerinmi?Alada etmäň, bu ýerde Ýewropada wideo düşürmek gadagan däl.

Aýdyň, häzirki wagtda türkmenleriň hukuklary bilen baglanyşykly ýurtda nähili üýtgeşmeler bar?" diýip, THF blogeri sitirleýär we onuň sorag berjek wagtynda türkmen delegasiýasynyň agzasy Baýly Seýilowyň ýygnagyň geçýän ýeriniň binasyna girip, howpsuzlyk gullugyna şikaýat edendigi habar berýär.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan Annaýew türkmen resmisiniň özüne haýbat atandygyny we maşgalasynyň howpuzlygyny agzap, wideony öçürmegi talap edendigini gürrüň berdi: "Sen özüň Ýewropada bolsaňam, nirede bolsaňam biziň diýenimiz bilen bolarsyň. Seniň maşgalaň biziň elimizde, Türkmenistanda diýen ýaly bir haýbat atdy".

Blogçy wideony pozmakdan ýüz öwürendigini, hukuklaryň bardygyny we olary bilýändigini aýdypdyr. Şeýle-de ol Ýewropada, Polşada wideo düşürmegiň gadagan däldigini belläpdir. Annaýewiň sözlerine görä, türkmen resmileri polisiýa ýüz tutmak bilen haýbat atypdyr. Şol günüň özünde Nurmuhamet Annaýew özüniň söz azatlygynyň türkmen resmileri tarapyndan bozulmagyndan şikaýat edip, Warşawa şäheriniň polisiýasyna arza tabşyrypdyr.

Annaýew Türkmenistanyň resmi toparynyň ÝHHG-nyň adam ölçegleri baradaky mejlisinde eden çykyşynyň mazmunyna, ýagny türkmen resmileriniň problemalary boýun alman, tersine ýurduň demokratik ýörelgelere we adam hukuklaryna hormat goýýandygyny ýene bir gezek gaýtalandygyna nägile bolandygyny belledi. Blogçy, Türkmenistanyň resmi toparynyň wekillerinden anyk meselelere degişli soraglara jogap almak we olary YouTube kanalynda ýerleşdirmek isländigini gürrüň berdi.

THF-nyň habaryna görä, türkmen raýat aktiwistleriniň we türkmen resmileriniň arasynda bolan ýagdaýlara dürli ýurtlardan gelen köp sanly adam hukuklaryny goraýjy, şol sanda "Türkmen Helsinki Fondunyň" wekilleri şaýat bolupdyr.

Halkara guramalary, şol sanda ÝHHG Türkmenistanda adam hukuklarynyň çynlakaý bozulmagyna, şol sanda söz azatlygynyň, ýygnanyşmak we saýlamak azatlyklarynyň ýoklugy, şeýle hem zor bilen ýitirim edilmeler, başgaça pikirdäkilere gysyş we din üçin yzarlamak ýaly tejribeleriň dowam edýändigine çynlakaý alada bildirýärler.

Söz azatlygy boýunça halkara hasabalarynda Türkmenistan ýyllarboýy soňky orny eýeläp gelýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

THF: Türkiýäniň deportasiýa merkezinde türkmen raýatlarynyň ençemesi ýenjildi
Türkmen migrantlary türk deportasiýa merkezinde ýene ýenjildi
ÝHHG-niň Warşawadaky ýygnagynda türkmen resmileri we adam hukuklaryny goraýjylar arasynda hadysa boldy
Hukuk goraýjylar ÝHHG-niň baş sekretaryny Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmekden saklanmaga çagyrýar
THF: Türkiýäniň üç deportasiýa merkezinde 450 töweregi türkmen raýaty saklanýar
THF: Türkiýäniň üç deportasiýa merkezinde 450 töweregi türkmen raýaty saklanýar