“Men Türkiýe Bilen Aragatnaşygyň Kesilmegine Alada Bildirýärin”

“Men Türkiýe Bilen Aragatnaşygyň Kesilmegine Alada Bildirýärin”

Gresiýada oppozisiadaky Radikal çepçi partiýasynyň lideri Aleksis Çipras, Türkiýe bilen ýurdunyň arasynda aragatnaşygyň kesilmegine alada bildirdi.

Çipras, Halkara Salonik sergisinde eden çykyşynda, Türkiýe bilen Gresiýanyň arasyndaky gatnaşyklar hakynda durup geçdi.

Çipras, Türkiýe bilen Gresiýanyň arasynda soňky ýyllarda deňi taýy görülmedik dartgynlygyň başdan geçirilýändigini belledi.

Dartgynlygyň gowşamagy üçin degişli çäreleriň görlüp bilinjekdigini nygtan Çipras, Gresiýanyň her bir raýaty ýaly özüniň hem Premýer-ministr Kirýakos Miçotakisden ýurdunyň özygtyýarlyk hukugy goralýarka, Türkiýe bilen aragatnaşygyň dowam etdirilmegine üns berilmegine garaşýandygyny belledi.

Aragatnaşygyň kesilmegi sebäpli haýsydyr bir garaşylmadyk wakanyň ýüze çykyp biljekdigini nygtan Çipras, “Men Türkiýe bilen aragatnaşygyň kesilmegine alada bildirýärin” diýdi.

Aleksis Çipras, ýurdunyň ýaraglanma syýasatynyň çäginde üçünji ýurtlar bilen baglaşylan şertnamalaryň Gresiýanyň goranyş senagatyna goşant goşup bilmejekdigini belledi.

Ýene degişli makalalar

“Arsenal” 6 ýyldan soň 6 gol bilen 1/8 finala çykdy
Birinjilik ugrunda ýiti göreş
Transfer möwsümi tamamlandy
Hirşeriň 9-njy, Şiffriniň 7-nji medaly
Hirşeriň 9-njy, Şiffriniň 7-nji medaly
“Barselona” 4, “Real Madrid” 3 oýundan bäri ýeňiş gazananok