Iki ýyldyz “Awstraliýa Açyga” gatnaşmaz

Tennis boýunça möwsümiň ilkinji “Uly tuwulga” ýaryşy bolan “Awstraliýa Açyga” 2 ägirt raketkaçy Serena Williams bilen Endi Marreý gatnaşmaz.Sentýabr aýynda Aleksis Olimpiýa atly gyzy dünýä inen amerikaly Serena Williams 7 gezek ýeňiş gazanan ýaryşyna doly taýýar däldigini, şol sebäpli-de, “Awstraliýa Açyga” gatnaşyp bilmejekdigini habar berdi. 23 “Uly tuwulga” kubogyň eýesi Serena Williams geçen ýyl “Awstraliýa Açykda” ýeňiş gazanypdy.

Iýul aýyndan bäri şikeslerden ejir çekýän britaniýaly Endi Marreý hem “Awstraliýa Açyk” ýaryşynyň daşynda galar. 30 ýaşly tennisçi “Awstraliýa Açykda” 5 gezek finala çykyp, ýeke saparam ýeňiş gazanyp bilmändi. 3 “Uly tuwulganyň” eýesi Marreý ATP sanawynda 16-njy orna çenli düşdi.

Ýene degişli makalalar

Gazagystanly tennisçiniň taryhy çempionlygy
“Time” ýylyň türgenini saýlady
Parižde taryhy açylyş dabarasy
Jokowiç kolleksiýasyny tamamlady
Şarapowadan soň Gauff
Tutuş ýyly birinjilikde tamamlan 7-nji tennisçi bolar