Parižde taryhy açylyş dabarasy

Hemmäniň sabyrsyzlyk bilen garaşan pursaty XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy taryhy wakalara baý boldy. 4 sagada golaý dowam eden açylyş dabarasy toparlaryň gaýykly Sena derýasyndan geçişligi bilen başlandy.

Türgenleriň öz ýurtlarynyň baýdaklaryny galgadyp geçen pursatlarynyň arasy aýdymçylaryň aýdymlary, tansçylaryň tanslary we beýleki şoular bilen bölündi.Jemi 11 bölümden ybarat bolan açylyş dabarasynyň her bölümi-de özboluşly atlandyryldy.

Dabaranyň ahyrynda ilki Pariž Olimpiadasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy, soňra Halkara Olimpiýa Komitetiniň Prezidenti we Fransiýanyň Prezidenti gysgajyk çykyş etdiler.Ahyrynda Fransiýanyň Prezidenti Emanuel Makron oýunlary açyk diýip yglan etdi.

Eýfel diňiniň ýanyna getirilen Olimpiýa alawyny meşhur futbolçy Zinedin Zidan alyp, ispaniýaly tennisçi Rafael Nadala berdi.Nadal hem Serena Williams, Nadia Komaneçi, Karl Lýuwis dagy bilen bilelikde gaýykly gezelençden soň fransiýaly tennisçi alawy Ameli Morezma berdi.

Morezma hem paralimpiýaçy türgenler bilen alawy 2 meşhur fransuz türgenine geçirdiler.Olaram, ýagny fransiýaly ýeňil atletikaçy Marie-Žoze Peres bilen dzýudoçy Teddi Raýner alawy Olimpiýa oýunlary tamamlanýança ýanyp durjak ýerine getirip, tutaşdyrdylar.

Alaw tutaşanyndan soň uçýan şar arkaly asmana göterildi.

Umumylykda, ilkinji gezek açylyş dabarasy stadionda geçirilmän, alaw hem stadionda bolmaz.

Ýene degişli makalalar

Çelsi ikinji gezek UEFA-nyň Super kubogynyň eýesi boldy
Çelsi UEFA-nyň Super kubogyna mynasyp boldy
UEFA-da ýylyň futbolçylary baýragynyň dalaşgärleri mälim edildi
Repçi Lil Nas X-iň Montero klibi Ýylyň iň gowy aýdym-saz wideosy boldy
Dünýäniň iň gowy futbolçysy üçin “Altyn topa” 30 dalaşgäriň sanawy belli edildi
Bageri Kenni ispan kärdeşi bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklar we sebitdäki ösüşler barada gepleşik geçirdi