Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri “ŞabatDaşoguz” serhetýaka söwda zolagyny açdylar

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri “ŞabatDaşoguz” serhetýaka söwda zolagyny açdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew duşenbe güni Daşkent şäherinde “ŞabatDaşoguz” atly bilelikdäki serhetýaka söwda zolagynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň resmi metbugat gullugy habar berýär.

Täze söwda zolagynda administratiw bina, degişli gümrük we karantin, fitosanitariýa we weterinariýa hyzmatlarynyň binalary, şeýle hem söwda pawilýony bilen ammar toplumlary gurlup işe girizildi.

Zolagyň çäginde “bir penjire” ulgamy giriziler, interaktiw platformalar, bank we lukmançylyk hyzmatlary, myhmanhana desgalary hereket eder. Mundan başga-da, zolaga gelip-gidýänler üçin giň awtoduralga döredildi.

Bu zolagyň işe girizilmegi Özbegistanyň Horezm welaýaty bilen Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge giň mümkinçilik berer.

Mundan başga-da, Türkmenistan bilen Özbegistan “Alat — Farap” sebitinde hem serhetýaka söwda zolagyny döretmek barada ylalaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan bilen Özbegistan “Alat — Farap” sebitinde serhetýaka söwdany giňelderler
Türkmenistanyň ençeme raýaty türkmen-özbek serhediniň arasynda galýar
Türkmen-özbek gatnaşyklarynda ilkinji nobatda özara gelim-gidim ýeňilleşdirilmeli synçy, telekeçi
Häkimiýetler çekirtge çozuşlaryna garşy taýýarlyk görýär
Häkimiýetler çekirtge çozuşlaryna garşy taýýarlyk görýär
Türkmenistandan “beýik göçüşlik”. Adamlar garyplykdan we gadaganlykdan gaçýarlar. Özbegistan barlag nokadyny ýapdy