Bangladeşde Bolan Ýangynda 2 Müň Çadyr Ýandy

Bangladeşde Bolan Ýangynda 2 Müň Çadyr Ýandy

Bangladeşiň Coks Bazar sebitinde Arakanly musulmanlaryň bolýan bosgun düşelgesinde bolan ýangynda 2 müň çadyr ýandy, 12 müň adam öýsüz galdy.

Immigrantlaryň howpsuzlygyndan jogapkär ýolbaşçylar, ýurduň günortasynda ýerleşýän Coks Bazar sebitindäki düşelgesinde sagat 11-de başlan ýangynyň gözegçilik astyna alynandygyny, ýangynda adam pidasynyň çekilmändigini habar berdi.

Wakada 2 müň çadyryň ýanandygy, 12 müň adamyň hem öýsüz galandygy ýatladyldy.

Ýolbaşçylar ýangyn sebäpli Arakanly musulmanlaryň başga düşelgelere ornaşdyrlandygyny mälim etdi.

Ýangyna nahar bişirmek üçin ulanylýan gaz balonyň sebäp bolandygy öňe sürülýär.

Bangladeşde immigrantlaryň düşelgelerinde ozal hem birnäçe gezek ýangyn bolupdy.

2021-nji ýylyň mart aýynda bolan ýangynda hem 10 müň çadyr ýanypdy we 15 adam ýogalypdy.

Geçen ýylyň ýanwar aýynda bolan ýangynda çadyrlara uly zeper ýetirlipdi.

Ýene degişli makalalar

Taýwanda söwda merkezinde partlama boldy
Ýangyn söndürijileriň 'taýýarlygy' ýaşaýjylary ilki haýran galdyrdy, soň gynandyrdy
Howpsuzlygy üpjün edeliň!
Türkmenistanyň Prezidenti Gonkongda bolan ýangyn sebäpli Si Szinpine gynanç bildirdi
Ukrainanyň Russiýa guran dron hüjüminde 3 adam ýogaldy
Indoneziýada garrylar öýünde bolan ýangynda köp sanda adam ýogaldy
Türkmenistanyň DIM-i Şweýsariýada bolan ýangyn zerarly gynanç bildirdi