Bangladeşde ýekşenbe gününe çenli täze hökümet gurlar

Bangladeşde ýekşenbe gününe çenli täze hökümet gurlar

Bangladeş Milletçi partiýasy BNP, Şyh Hasinanyň wezipesinden çetleşdirilmegine sebäp bolan 2024-nji ýylyň iýul aýynda başdan geçirlen pitneden soň geçirlen ilkinji saýlawda uly üstünlik gazandy. BNP saýlawdan soň beren beýannamasynda ýekşenbe gününe çenli täze hökümeti gurjakdyklaryny mälim etdi.

Partiýanyň Baş sekretary Mirza Fahrul Yslam Alamgir anna güni ýurduň demirgazyk günbataryndaky saýlaw merkezinde metbugata beren beýannamasynda “Bu BNP hökümeti bolar. Hökümet 15-nji fewrala çenli gurlar. BNP ähli partiýalar bilen birlikde parlamente gider” diýdi.

BNP-nyň başlygy Taryk Rahmanyň partiýa tarapyndan premýer-ministrlige dalaşgärlige hödürlenmegine garaşylýar.

Taryk Rahman dekabr aýynda ejesi we Bangladeşiň ilkinji zenan Premýer-ministri Halide Zianyň aradan çykmagyndan soň partiýanyň başlygy hökmünde bellenipdi.

Ýokary kanuna görä, haýsydyr bir partiýa hökümeti gurmak üçin 300 kürsüli mejlisde 151 kürsä eýe bolmaly.

BNP partiýasy penşenbe güni geçirlen saýlawda 209 kürsä eýe bolupdy. Esasy bäsdeşi Jemaaty Yslamyň liderligindäki topar bolsa 77 kürsä eýe bolupdy.

Ýene degişli makalalar

Taryk Rahman Bangladeşiň Premýer-ministri bolar
Şu gün futbol boýunça Türkmenistanyň kubogynyň finalçylary belli bolar
TÝL ― 2021: ertir 11-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşdy
Bahreýn 10 Ýyl Soň Siriýa Ilçi Belledi