Taryk Rahman Bangladeşiň Premýer-ministri bolar

Taryk Rahman Bangladeşiň Premýer-ministri bolar

Bangladeşiň syýasy taýdan iň güýçli we tanymal maşgalalaryndan biriniň mirasdary bolan 60 ýaşyndaky Taryk Rahman170 million ilaty bolan Günorta Aziýanyň iň uly ýurtlaryndan birini gönükdirmäge taýarlanýar.

BNP partiýasy, Şyh Hasinanyň demir ýumrukly häkimiýetiniň agdarylmagyna sebäp bolan pitneden 1,5 ýyl soň penşenbe güni geçirlen saýlawlarda uly üstünlik gazanandygyny yglan etdi.

Saýlawyň resmi netijeleri heniz beýan edilmedi, emma ABŞ Rahmany taryhy ýeňişi bilen gutlady.

Taryk Rahman Britaniýada 17 ýyl sürgünde bolandan soň dekabr aýynda Bangladeşe yzyna dolanýar. Taryk Ziýa ady bilen tanalýan Rahman 1981-nji ýylda kakasy Prezident Ziýanur Rahmanyň janyna kast edilen magaly 15 ýaşyndady.

Tarygyň ejesi Halide Ziýa 3 gezek yzly yzyna Bangladeşiň Premýer-ministri wezipesini ýerine ýetirýär. Halide Ziýa oglunyň öýüne dolanmagyndan birnäçe gün soň dekabr aýynda 80 ýaşynda aradan çykýar.

Taryk Rahman Bangladeşde geçirlen taryhy saýlawdan iki gün öň AFP-ä beren beýannamasynda ene-atasynyň mirasyny gorajakdygyny we ýurduny galkyndyrjakdygyny wada berdi.

Taryk Rahman ýurduna yzyna dolanandan birnäçe gün soň Dakkada BNP partiýasynyň we saýlaw kampaniýasynyň liderligini öz üstüne aldy we saýlawda uly üstünlik gazandy.

Ýene degişli makalalar

Bangladeşde ýekşenbe gününe çenli täze hökümet gurlar
Türkmenistanly boksçy Aziýa oýunlaryna ýeňiş bilen girişdi
Bangladeşde 2024-nji ýyldaky pitneden soň ilkinji gezek saýlaw geçirilýär
Ertir Türkmenistanyň futbol çempionatynda 7-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler
TÝL ― 2021: Energetigi uly hasap bilen ýeňen Köpetdag möwsümdäki ilkinji ýeňşini gazandy
TÝL - 2021: şu gün 9-njy tapgyryň duşuşyklary geçiriler