“Barselona” Messisiz hem ýeňýär

Messini PSŽ toparyna ugradan Barselona La Liganyň täze möwsümine şowly başlady.Messisiz öz meýdançasynda Real Sosiedady 4-2 hasabynda ýeňen katalonlaryň gollaryny 19-njy minutda Žerar Pike, 45+2-nji we 59-njy minutlarda Martin Breýtwaýt hem-de 90+2-nji minutda Serhio Roberto derwezä girizdi. 82-nji minutda Lobeteniň, 85-nji minutda-da Oýarzabalyň gollary bilen hasaby 3-2-ä ýetirip, umytlanan Real Sosiedada bu gollar ýeňiş üçin ýeterlik bolmady. Şeýlelikde, Barselona resmi ýagdaýda Messisiz geçiren ilkinji oýnunda 4 golly ýeňiş gazanyp, täze möwsüme şowly başlady.

La Ligada täze möwsümiň ilkinji tapgyrynda Real Madrid Benzemanyň 2 gol geçiren oýnunda myhmançylykda Alawesi 4-1, şeýle-de soňky çempion Atletiko Madrid hem myhmançykda Korreanyň gollary bilen Seltany 2-1 utdy.

Ýene degişli makalalar

“Leganes” “Barselonany” myhmançylykda ilkinji gezek ýeňdi
Bundesliga”, “La Liga”, “Premier Liga” şu gije başlaýar, “Türkmenistan Sport” teleýaýlymynda görkeziljek duşuşyklar
Žoao Feliks öňki toparyny gynandyrdy
“Real Madrid” ýeňiş bilen başlap bilmedi, “Barselona” ilkinji tapgyrda ýeňiş gazandy
Möwsümdäki ilkinji ýeňlişi
“Barselona” 10 oýunda 33 gol geçirdi