Bundesliga”, “La Liga”, “Premier Liga” şu gije başlaýar, “Türkmenistan Sport” teleýaýlymynda görkeziljek duşuşyklar

Şu gün, has takygy, şu gije Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlarynyň üçüsiniň täze möwsümine badalga berler.

Ilki bilen Bundesliganyň 59-njy möwsümi soňky çempion Bawariýanyň myhmançylykda köne bäsdeşleriniň biri bolan Borussiýa M topary bilen geçirjek duşuşygy bilen başlaýar. 23:30-da başlanjak oýun Türkmenistan sport teleýaýlymy arkaly-da efire berler.

Bundesliganyň täze möwsüminde-de çempionlygyň iň esasy dalaşgäri gürrüňsiz Bawariýa hasaplanýar. Ýöne täze tälimçi Ýulian Nagelsmannyň nähili başarnyk görkezjekdigi hemmeleri içgin gyzyklandyrýar.Boateng, Alaba, Martines ýaly oýunçylary ugradan Bawariýa düzümine Upamekanony goşdy.

Bundesligada möwsümiň ilkinji tapgyrynyň ýene bir esasy oýny Jeýdon Sançony Premier Liga ugradan Borussiýa Dortmund bilen Aýntrahtyň arasynda bolup, ol şenbe güni 21:30-da başlar.

PREMIER LIGANYŇ 30-njy MÖWSÜMI

Şu gije başlanjak ýene bir esasy ligalaryň biri-de, hatda köpleriň iň söýgüli çempionaty Angliýanyň Premier Ligasydyr.Premier Liganyň 30-njy ýa-da iňlis futbolynyň iň ýokary ligasynyň 123-nji möwsümi London şäheriniň iki wekili, Premier Liganyň täze topary Brentford bilen Arsenalyň arasyndaky duşuşyk bilen badalga alar.

Duşuşyk Aşgabat wagty bilen 00:00-da başlar.Her tapgyrynda diýen ýaly hemmäniň garaşýan duşuşygynyň ýa-da derbisiniň oýnalýan çempionaty bolan Premier Liganyň ilkinji hepdesiniň iň esasy oýny ýekşenbe güni Londonda Tottenham bilen soňky çempion Mançester Sitiniň arasynda geçiriler.

Täze transferleri bilen çempionlyk ugrunda göreş alyp barmagyna garaşylýan iki toparyň duşuşygy 20:30-da start alar. Çempionlygyň güýçli dalaşgärlerinden Mançester Ýunaýted Lids bilen (şenbe güni, 16:30), Çelsi-de Kristal Palas bilen duşuşar (şenbe güni, 19:00).

MESSISIZ GALAN LA LIGA

Üç ýyl ozal Kristiano Ronaldony, bu tomusda-da başga bir super ýyldyz Lionel Messini elden giderip, göýä ýetim galan La Liganyň täze möwsümi-de şu gije başlar.

Hemişe bolşy ýaly, ýaýlyma bermek babatda käbir meselesi bar bolan La Ligada Real Madrid bilen Barselonanyň esaslandyrylmagy göz öňünde tutulýan Ýewropanyň Super Ligasyna bolan isleg dowam edýär.Messiniň hem gaýtmagy bilen azda-kände abraýyny peselden çempionatyň oýunlary edil, Germaniýadyr Fransiýanyň çempionatlarynyň duşuşyklary ýaly Türkmenistan sport teleýaýlymynda görkeziler. 91-nji möwsümiň ilkinji duşuşygy şu günki Walensiýa-Hetafer duşuşygy bilen başlar (00:00).

La Ligada çempionlygyň esasy dalaşleriniň ilkinji tapgyrdaky oýunlary şulardyr: Wise-çempion Real Madrid ertir ýarygijden soň 01:00-da başlajak oýunda Alawes bilen duşuşar. Çempion Atletiko Madrid möwsüme myhmançylykda Selta Wigo duşuşygy bilen başlap, oýun ýekşenbe güni 20:30-da başlar.

Bu oýnuň yzysüre başlanjak oýunda Messisiz Barselonanyň ilkinji tapgyrdaky garşydaşy-da Real Sosiedad bolar (23:00). Üç duşuşyk, şol sanda şenbe güni Malýorka-Betis, ýekşenbe gününde-de Sewilýa-Raýo Wallekano duşuşyklary-da Türkmenistan sport teleýaýlymynda efire berler.

Türkmenistan sport teleýaýlymynda görkeziljek duşuşyklar:

Anna güni (13-nji awgust)

23:30 Borussiýa M Bawariýa

Şenbe güni (14-nji awgust)

20:00 Lill Nissa

22:30 Malýorka Betis

01:00 Alawes Real Madrid

Ýekşenbe güni (15-nji awgust)

16:00 Anže Lion

18:30 Maýns Leipsig

20:30 Selta Wigo Atletiko Madrid

23:00 Barselona Real Sosiedad

01:15 Sewilýa Raýo Wallekano

Ýene degişli makalalar

Žoao Feliks öňki toparyny gynandyrdy
Dünýä Kubogyna 54 gün galdy
“Real Madridmi” ýa-da “Barselona” “La Liganyň” täze möwsümi başlanýar
Iki meşhur oýunçy “Premier Liga” dolandy
Altyň biri aşaky liga düşer
Sport täzelikleri