“Barselonanyň” oýunçysy 2022-nji ýylyň iň gowy ýaş futbolçysy boldy

“Barselonanyň” oýunçysy 2022-nji ýylyň iň gowy ýaş futbolçysy boldy

“France Football” žurnalynyň wersiýasy boýunça ýylyň iň gowy ýaş oýunçysy (21 ýaşdan uly bolmadyk) üçin baýraga Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň we “Barselonanyň” ýarym goragçysy Gawi mynasyp boldy.

Žurnalistleriň ses bermegi esasynda ikinji orny Madridiň “Realyndan” Eduardu Kamawinga, üçünji orny Mýunheniň “Bawariýasyndan” Jamal Musiala eýeledi. 2021/22-möwsüminde 18 ýaşly Gawi “Barselona” üçin jemi 48 oýna gatnaşyp, iki gol geçirdi we alty netijeli geçirim etdi. 2022-nji ýylyň iň gowy zenan futbolçysy hökmünde “Altyn topy” bassyr ikinji ýyl “Barselona” zenan toparynyň oýunçysy ispaniýaly Aleksiýa Putelýas aldy.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň iň gowy ýaş futbolçysy Golden Boy baýragynyň eýesi boldy
Ýewro ― 2024-iň açylyş duşuşygynda Germaniýa Şotlandiýany uly hasap bilen ýeňdi
Abolfazl Amoui: Baýdeniň sebite eden sapary Amerikanyň içerki maksatlaryny öňe sürmekdi
Bawariýa 10-njy gezek Germaniýanyň Superkubogyny gazandy
75 ýaşly gyrgyz welosipedli Türkmenistandan geçip, Türkiýä gider
V Yslam Raýdaşlyk oýunlary: Türkmenistanyň medallary 23-e ýetdi