Dünýäniň iň gowy ýaş futbolçysy Golden Boy baýragynyň eýesi boldy

Dünýäniň iň gowy ýaş futbolçysy Golden Boy baýragynyň eýesi boldy

Ispaniýanyň “Barselona” klubunyň ýarym goragçysy Gawi Ýewropada ýylyň iň gowy futbolçysyna (21 ýaşdan uly bolmadyk oýunçylar) berilýän “Tuttosport” italýan neşirinden Golden Boy baýragyna mynasyp boldy. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

Baýragyň resmi gowşurylyş dabarasy 7-nji noýabrda Turinde geçiriler.Soňky ses berişlige Eduard Kamawinga (“Real”, Fransiýa), Jud Bellingem (Dortmundyň “Borussiýasy”, Angliýa) we Jamal Musiala hem (“Bawariýa”, Germaniýa) gatnaşdy. 17-nji oktýabrda Gawi “France Football” žurnalynyň wersiýasy boýunça 2022-nji ýylyň iň gowy ýaş futbolçysy boldy. 18 ýaşly ýarym goragçy “Barselonanyň” ýetişdiren oýunçysy.

Ol 2021/22-möwsüminde katalon kluby üçin 48 oýna gatnaşyp, iki gol geçirdi we alty netijeli geçirim etdi.Geçen ýyl Golden Boy baýragynyň eýesi “Barselonanyň” başga bir oýunçysy ýarym goragçy Pedri boldy. 2020-nji ýylda bu baýragy Norwegiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Erling Holand aldy.

Ol häzir Angliýanyň “Mançester Siti” toparynda çykyş edýär.

Ýene degişli makalalar

Golden Boy 2022 baýragynyň dalaşgärleri mälim edildi
“Barselonanyň” oýunçysy 2022-nji ýylyň iň gowy ýaş futbolçysy boldy
Mýunheniň Bawariýasy yzygider onunjy gezek Germaniýanyň çempiony boldy
Barselonanyň ýarymgoragçysy Pedri Golden Boy baýragyna eýe boldy
V Yslam Raýdaşlyk oýunlary: Türkmenistanyň medallary 23-e ýetdi
75 ýaşly gyrgyz welosipedli Türkmenistandan geçip, Türkiýä gider