Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, resmi sapar bilen Moskwa baran Siriýanyň hökümetiniň lideri Başar Asad bilen Kremlde duşuşdy.
Kreml tarapyndan berlen ýazmaça beýannamada, iki lideriň düýn paýtagt Moskwada duşuşandygy nygtaldy.
Putin duşuşykda, iki ýurduň yzygiderli ýagdaýda aragatnaşyk saklaýandygyny we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösýändigini nygtap “Bilelikdäki tagallalar netijesinde sosial-ykdysady we içerki syýasy ýagdaý durnuklaşdy. Emma siriýanyň halky güýçli ýer titremesine sezewar boldy we ýer titremesi sebäpli agyr günleri başdan geçirýär. Elbetde bu ýagdaýy has-da agyrlaşdyrýar” diýdi.
Russiýanyň ýer titremesi zerarly Siriýa ýardam berýändigini nygtan Putin, “Özara gatnaşyklarymyz gün saýyn pugtalanýar. Geçen ýyl söwda mukdarymyz 7 göterim artdy. Geljek ýyl iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 80 ýyllygyny belläp geçeris” diýdi.
Başar Asada hem Moskwada saparda bolmakdan hoşaldygyny nygtap “İki ýurduň ýolbaşçylary yzygiderli ýagdaýda duşuşyklar geçirýär. Duşuşyklarymyzy dowam etdireris” diýdi.
Saparyň çäginde Siriýanyň hökümetiniň Daşary işler ministri Faýsal Mikdad bilen Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Goranmak ministri Ali Mahmud Abbas bilen Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu aýry aýry duşuşyk geçirdi.
