Başgyrdystanyň ýokary okuw mekdeplerinde 2 müňden gowrak türkmen talyby okaýar

Başgyrdystanyň ýokary okuw mekdeplerinde 2 müňden gowrak türkmen talyby okaýar

2023-2024-nji okuw ýylynda Russiýa Federasiýasynyň Başgyrdystan Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmenistanly talyplaryň sany 2020-e ýetdi. Bu bolsa GDA ýurtlarynyň arasynda iň ýokary görkezijidir diýip, sebitiň statistik müdirligine salgylanýan Başinform habar gullugy habar berýär.

Başgyrdystanyň uniwersitetlerinde we şahamçalarynda şu okuw ýylynyň dowamynda jemi 105 müň talyp okaýar. Türkmenistandan başga-da, Täjigistandan (1472 adam), Özbegistandan (544 adam) we beýleki goňşy ýurtlardan köp sanly talyplar okap bilim alýarlar.

Şeýle hem Aziýadan we Afrikadan, hususan-da Hindistandan, Müsürden, Hytaýdan hem-de beýleki ýurtlardan bolan talyplar ýokary bilim almak üçin Başgyrdystan Respublikasyna gelýärler.

Respublikanyň Statistika müdirliginde bellenilişi ýaly, daşary ýurtly talyplar hem býujet esasynda, hem tölegli esasda okaýarlar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda rus dili: Täze meýiller, köne tejribeler (2-nji bölüm)
Germaniýada çörek 34 göterim gymmatlady
2023: Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda $1,094 milliarddan geçdi
Ispaniýa 2023-nji ýylda 84 million syýahatçy bilen rekord goýdy
Hormatly dynç alyşa çykan nemesler açlyk howpunda ýaşaýarlar
Hytaýyň ilaty iki ýyl bäri azalýar