Basra-Şalamçe demir ýoly

Basra-Şalamçe demir ýoly

Basra-Şalamçeh demir ýolunyň durmuşa geçirilmegi üçin Eýran-Yrak özara düşünişmek Memorandumyna gol çekdiler

Basra-Şalamçe demir ýolunyň durmuşa geçirilmegi üçin özara düşünişmek memorandumyna gol çekdi; Bu, Eýranyň ýollar we şäher gurluşygy ministri Rostam Gasemi tarapyndan Bagdada saparynyň ilkinji gününde çap edilen habardy.

Eýranyň Ýollar we şähergurluşyk ministri ýekşenbe güni agşam Yragyň Transport ministri, premýer-ministri we prezidenti dagylar bilen duşuşandan soň Basra-Şalamçeh demir ýolunyň gurluşygy üçin özara düşünişmek memorandumyna gol çekilendigini habar berdi.

Eýranyň demir ýol ulgamynyň goňşy Yrak bilen baglanyşygy we Şalamçeh-Basra demir ýolunyň tamamlanmagy, ýurduň demir ýol ulgamynyň ösüşinde göz öňünde tutulýan demirýol transport taslamalarynda strategiki Gündogar-günbatar koridor bilen baglanyşykly meýilnamalaryň biridir.

Eýranyň ýollar we şähergurluşyk ministri "Rostam Gasemi" 32 kilometrlik Şalamçeh demir ýoluny Basra birikdirmek meýilnamasynyň möhümdigini aýtdy; Ol şeýlede Indi 20 ýyl garaşamadan soň, bu ýlalaşygyň kesgitli tertibi bar diýdi.

Yragyň Daşary işler ministri Fouad Huseýin Tährana eden soňky sapary wagtynda Şalamçe-Basra demir ýol taslamasynyň işlemegini isledi we ony bu ýurt üçin möhüm hasaplandy.Ylalaşygyň maddalarynyň biri, Yrak-Eýran köprüsiniň maksatnamasynyň indiki aýyň içinde başlamagydyr.

Umumy ylalaşyk, Yslam Respublikasynyň Demirýol Kompaniýasy bilen Yrak Demirýol Kompaniýasy bu taslamany bilelikde durmuşa geçirer we 2 aýyň içinde bilelikdäki firma dörediler.Memoranduma laýyklykda, Eýran Arwand derýasynyň üstünden köpri gurmagy maksat edinýär, Yrak tarapy bolsa Şalamçe serhedinden Basra demir ýol menziline Yrak topragynda 32 kilometrlik demir ýol gurmaga borçlydyr.

Bu demir ýoluň gurulmagy, iki goňşy ýurduň arasynda ýolagçylaryň we harytlaryň we zyýaratçylaryň hereketini döretmekde möhüm rol oýnar.

Ýene degişli makalalar

Fuzuli türki edebiýatynyň esasy wekillerinden biri
Terrorizme garşy göreşde täze döwür
Ankara-Bagdat liniýasynda täze döwür
Yraga Guryýer Operasiýasy
Hakan Fidan Yrak Türkmen frondynyň başlygy Hasan Turan Bilen Duşuşdy
Türkiýeden Yraga Möhüm Sapar Guralar
Terror Guramasy PKK Biziň Üçün we Resmi Bagdat Üçin Uly Dert