Fuzuli türki edebiýatynyň esasy wekillerinden biri

Fuzuli türki edebiýatynyň esasy wekillerinden biri

Fuzuliniň doglan ýyly hakynda anyk maglumat ýok. Pars dilindäki diwanyndaky kasydasynda elli ýyldan bäri şygyr ýazýandygyny beýan etmeginden ugur alsak, şahyryň 1480-nji ýylda ýa-da şondan birnäçe ýyl soň dünýä inendigini aýdyp bileris.

Fuzuli Akgoýunlylar döwründe we şol hanadanyň edarasynda Yraky Arab atlandyrylýan sebitde ýaşaýan Akgoýunly türkmenleriniň baýat boýundandyr. Üsküdardaky Hajy Selim Aga kitaphanasyndaky Hadikatus suada göçürmesiniň girişindäki bellige görä “Aslynyň tatardygy” görnüşindäki beýanyň “türk” manysynda ulanylandygy çaklanylýar.

Şahyryň kakasynyň Hilläniň müftüsidigi, ilkinji sowadyny kakasyndan alandygy, soň Rahmetulla atly molladan ders alandygy, hatda mugallymynyň gyzyna aşyk bolandan soň şygyr ýazmaga başlandygy hakyndaky rowaýadyň nädereje hakykaty beýan edýändigi bilinmeýär.

Fuzuli bilim alýarka şertleriň amatly bolmagy saýasynda arap we pars dillerini şol dillerde ýazyp we goşgy düzüp biljek derejede öwrenýär.Türki dildäki diwanynyň girişinde ylmy işleri hakynda şeýle diýýär: “Esli wagt ömrümi takyk we takyk däl ylymlary öwrenmäge, ömrümi pelsepe we geometriýa öwrenmäge bagşetdim.

Soň tefsir we hadys ylymlary bilen gyzyklandym.” Parsça diwanynyň girişinde hem dogluşda berlen senetkärlik ukyby sebäpli ýaşlygynda özüni şygyra aldyrandygyny, emma ylyma bolan höwesiniň özüni halas edendigini beýan edýär.

Şahyryň ady Muhammet, kakasynň ady Süleýmandyr.Lakamy bolan Fuzuli sözi, hem “özüni gyzyklandyrmaýan işlere goşulyşyp, ýerliksiz sözler sözleýän adam”, hem-de “beýik, ägirt, ärdemli” manylaryny aňladýar. Şahyr bu lakamy näme üçin saýlap alandygyny parsça diwanynyň söz başysynda şeýle beýan edipdir: “Şygyra başlanymda birnäçe günläp lakam tapmak üçin pikirlendim.

Saýlan lakamyma birnäçe wagt soň şärik tapylýany üçin başga lakam alýardym.Netijede menden ozalky şahyrlaryň söz düzümlerini däl, lakamlary almak üçin bäsleşendigini gördüm.Men garyşyklygy ortadan aýyrmak üçin Fuzuli lakamyny saýlap aldym.

Bu ady hiç kimiň halamajakdygyny we şonuň üçin hem almajakdygyny çaklanym üçin atdaşlyk aladasyndan halas boldum. Şeýle hem men, özümi allanyň merhemedi bilen ähli ylymlary nebsinde jemlän adamdyryn öýdýärdim.

Lakamym şol maksadyny hem özünde jemleýär.”

Fuzuliniň wagtal-wagtal Töwriz, Anadoly we Hindistan ýaly ýerleri görmegi arzuw eden bolsa, doglan diýary Yrak sebiniň daşyna çykmaga mümkinçilik tapmandygy görülýär. Mälim bolşy ýaly onuň ömri Kerbelaada, Hillede, Nejefde we Bagdatda geçipdir.

Kanuny Soltan Süleýman 1534-nji ýylda Bagdady zabt edende “Geldi öwülýäler galasyna meşhur patyşa” diýip, senäni hem görkezýän meşhur kasydasy bilen patyşa bäş kasyda hödürleýär.Baş wezi Makbul Ybraýym Paşa, Kazasker Abdulkadyr Çelebi, Daşary işler weziri Mustafa Çelebizade aly şahslara hem kasydalar ýazypdyr. Şeýle hem Bagdat saparyna gatnaşan şahyrlardan Haýali Beý we Taşlyjaly Ýahýa Beý bilen hem tanyşandygy, olar bilen dostlukly gatnaşyklar edendigi çeşmelerde beýan edilýär.

Fuzuli 1556-njy ýylda Bagdatda we etraplarynda agyr ýitgi çekilmegine sebäp bolan gyrgyn epidemiýasynda wepat bolýar. Onuň Kerbelada ölendigi rowaýat edilýär. Türbedi hakynda anyk maglumat ýok.

Alym şahyrlardan biri bolan Fuzuli, şygyr hakyndaky pikirlerini türkiçe diwanynyň söz başysynda şeýle beýan edýär: “Ylymsyz şygyr fundamentsiz diwar ýalydyr we fundamentsiz diwar ygtybarsyz bolar.” Muakaddimede soňky ýyllarda söýgi şygyrlaryny ýazandygyny, emma olaryň uzak ömürli bolmajakdygyna göz ýetirenden soň gije-gündiz işläp, ähli ylymlary öwrenendigini nygtaýar.

Fuzuliniň pikirine görä şygyr adamy beýgeldýän ylahy sowgatdyr.Alla, şygyr ýazma ukybyny iňňän az bendesine nesip edipdir, bezege zerurlygy bolmandygy üçin pygamberlere hem bermändir.Fuzulini türki edebiýatyň iň beýik wekillerinden birine öwüren husus içginligi, joşgunlygy, sadalygy, ünslüligi we beýan etme gudratydyr.

Fuzuli yşgy, ejiri, dünýewi zowky-sapanyň netijesizligini we hiç kimi penjesinden sypdyrmaýan ölüm düşünjesini adatdan daşary lirizm we sungat güýji bilen beýan edýär.Fuzuliniň şan-şöhrady, täsiri we güýji entek ol dirikä bütin türk-musulman ýurtlaryna ýaýramaga başlapdyr.

Türk-musulman äleminde onuň ady diňe bir beýik şahyr däl, şol bir wagtda-da welilik derejesine göterilen hak aşygyny ýada salypdyr.Fansuz alymy Eliot Fuzuliniň yslam medeniýetiniň we edebiýatynyň üç beýik dili bolan arapçada, parsçada we türkiçede “deňsiz şahyr, üç dilde-de kämil adam” bolandygyny beýan edipdir.

Fuzuliniň musulman dünýäsiniň esasy böleginde gazanan şan-şöhrady onuň bu üç dilde ussatlyk bilen şygyr ýazmagy bilen düşündirlip bilner. Şahyr doglan we ýaşan sebitinde azerbaýjan dilinde gepleşilýän Yrak türkmenlerindendir. Şol jähtden diliniň şol dialektiň aýratynlyklaryna eýe bolmagy tebigy ýagdaýdyr.

Fuzulidäki söýgi şygyrlarynyň asyrlaryň dowamynda halanyp okalmagynyň sebäbini başdan geçirilenleriň, ýalňyzlygyň we edebi hesretiň ynandyryjylygynda gözlemek gerek.

Fuzuli türki edebiýatynda şygyrlaryna aýdym düzülen şahyrlaryň başynda durýar. Notasy bolan, bilinýän we ýerine ýetirilýän 100-den gowrak eser Fuzuliniň goşgylaryndan seçilip alynandyr. Şolardan; “Meni jandan bizar etdi, jepadan ýar bizar bolmazmy” setirleri bilen başlaýan goşgusyna 10, “Şeýle sermest welin, dünýäniň nämedigine düşünmedim” setirleri bilen başlaýan goşgusyna bolsa 8 gezek dürli formalarda aýdym düzülipdir.

Fuzuliniň türkiçe, parsça we arapça diwanlarynyň ýany bilen Suw kasydasy, Leýla we Mejnun, Hüsni Yşk ýaly 15 eseri biziň günlerimize gelip ýetipdir.

Ýene degişli makalalar

Terrorizme garşy göreşde täze döwür
Ankara-Bagdat liniýasynda täze döwür
Mahmyt Kaşgarynyň ömrü we dörejiligi
Milli Goranmak Ministri Güler, Yraga Gitdi
Türkiýeden Yraga Möhüm Sapar Guralar
Hakan Fidan Yrak Türkmen frondynyň başlygy Hasan Turan Bilen Duşuşdy