Mahmyt Kaşgarynyň ömrü we dörejiligi

Mahmyt Kaşgarynyň ömrü we dörejiligi

Türk dünýäsine bagyş edilen ömürler atly gepleşigimiziň ilkinji sanyna başlaýarys. Gepleşigimiziň ilkinji sanynda Türk dünýäsiniň esasy hazynasy bolan we Türk dünýäsiniň ylmy barlaglarynyň özenini emele getirýän Diwani Lügat-et Türk ýada Türk dialektleriniň sözlügi we sözlügiň awtory Mahmyt Kaşgarynyň ömrü we dörejiligi barada maglumat bermek isleýäris.

1914-nji ýylda Ali Emiri Ependi Kitapçylar bazarynda dükanlaryň birine barýar.Tötänleý eline alan kitabyny okan badyna, büdräp ýykyljak ýaly bolýar.Sebäbi onyň eline alan kitaby, deňi-taýy bolmadyk, türk diliniň naýbaşy eserlerinden biri bolan Diwani Lügat et Türkdi. Şol günden başlap bu eser ilki türk alymlarynyn, soň bolsa bütin dünýäniniň ünsüni özüne çekýär.

Sözüli ýazan Mahmutdyr.Geçirlen ylmy barlaglaryň netijesinde bu Diwan dünýäde deňi-taýy bolmadyk eserlerin hatarynda mynasyp ýerini alýar we Mahmyt Kaşgary bolsa görnükli alymdygyny subut edýär. 11-nji asyrda ýazylan bu eser sözlükden öň, türk dilinden arap diline terjime edilen sözlük bolupdyr.

Mahmyt Kaşgary 1072-1077-nji ýyllaryň arasynda Bagdat şäherinde ýazan bu eser Abbasylaryň halyfy Muhammed al Muktedi bi-emrillaha sowgat edipdir. Ýazyjynyň durmuşy hakynda eserinde ýazan käbir belliklerinden daşary giňişleýin maglumat ýok.

Eserinde belläp geçişine görä, kakasy Hüseýin, atasy Muhammed Bugra Han bolupdyr.Kakasy Barsgan şäherinden şol döwürüň esasy medeniýet merkezi bolan Kaşgara göçüpdir.Asylzada maşgaladan bolan we döwrüň ýokary gatlakly maşgalalaryň çagalarynyň bilim alýan ýeri bolan Sajiýe we Hamidiýe medreselerinde okapdyr.

Arap we pars dillerini gowy bilipdyr.Meşhur Türkolog Ahmet Bijan Erjilasuna görä, Mahmyt Kaşgarynyň kakasy Çagri Tigin 1056-1057-nji ýylladan öň Barsganyň emiri; garry atasy Muhammed Mahmud bolsa 1056-1057-nji ýyllarda Kaşgarda Gündogar Garahanly hökümdary bolupdyr. 1057-nji ýylda tagtyny Hüseýin Çagra goýupdyr. Şol döwürde tagt gowgasy sebäpli kakasy öldürlipdir.

Dilçi alym Omelžan Pritsaga görä, 1057-1058-nji ýyldaky köşk gyrgynçylygyndan gaçan Mahmyt Kaşgary, 10 ýyla golaý türk ýurtlarynda gezenden soň Bagdada dolanyp barýar.Başga bir garaýşa görä bolsa 1057-nji ýylda 49 ýaşynda Kaşgardan gitmäge mejbur bolan Mahmud, ol ýerden Günbatar Garahanlylaryň ýurduna, häzirki Orta Aziýa gidipdir. 1057-1072-nji ýyllaryň aralygynda Türk dialektleriniň sözülü üçin ýörite maglumat ýygnapdyr. 1072-nji ýylda şol döwrüň medeniýet merkezi Bagdada gelipdir we eserini ol ýerde tamamlapdyr. 1080-njy ýylda Kaşgara yzyna dolanyp barypdyr we doglan ýeri Opalda guran Mahmudiýe medresinde ders berenden soň 1090-njy ýylda aradan çykypdyr.

Bu naýbaşy esgeriň giriş bölüminde Alla we Hezreti Muhammed hakynda öwgüli sözler aýdylýar. Soň bolsa türklügü taryplaýar. Eserde ýazuw düzgünleri, türk halklary tarapyndan ulanylan 18 harply elipbiý, türki taýpalar, olaryň Ýewraziýadaky ýerleşişi, dilleri hakynda möhüm maglumatlar bar.

Diwanyň esasy bölümi sözlük sanawyndan ybarat bolan sekiz kitapdan ybarat.Sözlükde 8 müňe golaý türkçe sözün arapçasy berilýär. Şol sekiz bölümde gündogar we günbatar türki halklaryň dil aýratynlyklary, ýerleşen taryhy sebitleri, ykdysadyýeti, jemgyýetçilik gurluşy, medeniýeti, däp-dessurlary, folklory, toponomiki maglumatlary we şuňa meňzeş maglumatlaryna giňden orun berilýär.

Esasanda sözlükde biziň günlerimize gelip ýeten türk alymlary tarapyndan düzülen dünýä kartasy bar. 638 sahypadan ýa-da 319 warakdan ybarat bolan, biziň günlerimize gelip ýeten ýeke-täk nusgasy Stambulda Millet golýazmalary kitaphasynda saklanýar. Şu günki güne çenli ylym dünýäsinde Diwan, türk, Azerbaýjan, özbek, gyrgyz, uýgur dialektlerine we nemes, iňlis, rus, pars dillerine terjime edildi.

Mahmyt Kaşgarynyň araplara Türkçe öwretmek maksady bilen ýazylan bu eserinden daşgary, eserinde ady agzalýan Türk diliniň sintaksisiniň göwherleri atly kitabyň hem awtorydygyny öwrenýäris.Ylym dünýäsiniň ünsüni çeken bu eser bizin döwrümize gelip ýetmän hem bolsa, Mahmyt Kaşgarynyň türk dünýäsine goşan uly goşantlary mynasybetli adynyň asyrlarça ýatlanjakdygy äşgärdir.

Gepleşigimiziň bu sanynda 11-nji asyrda ýaşap geçen türk dünýäniň alymlarynyň atasy kabul edilýän Mahmyt Kaşgary we onuň Diwany hakynda gysgaça maglumat berdik. Bu eser hakynda ençeme ylmy guramalar tarapyndan dürli ýurtlarda ylmy barlaglar geçirildi we tezisler goraldy. Ençemesi henizem dowam edýär.

Ýene degişli makalalar

Alym 'türki hökümdarlaryň atasy hasaplanan' Alp Er Tonganyň mazaryny Buharadan tapandygyny aýdýar
Orta asyrda türk döwletlerinde diliň we edebiýatyň ulanylşy
Ali Şir Nowaýy
Türkmenistanda gündogaryň meşhur alymy Mahmyt Kaşgara bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi
Mahmyt Kaşgarynyň ensiklopediýasy türk medeniýetiniň ýadygärligidir
Aşgabat şäheri boýunça üç sany täze awtobus ugurlary açyldy