Orta asyrda türk döwletlerinde diliň we edebiýatyň ulanylşy

Orta asyrda türk döwletlerinde diliň we edebiýatyň ulanylşy

Türk dünýäsine bagyş edilen ömürler atly gepleşigimiziň bu günki sanynda Orta asyrda türk döwletlerinde diliň we edebiýatyň ulanylşy, esasy şahsyýetler hakynda maglumat bermekçi.

Şu günki güne çenli geçirlen ylmy barlaglaryň netijesinde türk dili gadymy, orta we täze hökmünde üç döwre bölünýär.Orta asyr diýilýän döwür, başgaça aýdanymyzda Garahanly türkçesi döwrü ýagny 10-15-nji asyrlary öz içine alýan döwre berlen atdyr.

Taryhy taýdan seredenimizde Orta asyr döwrüniň esasy öwrülşik nokady türkleriň musulmanlygy döwlet dini hökmünde kabul etmegidir. 10-njy asyrda musulmanlygyň ýüze çykmagyndan 300-350 ýyl geçýär: Yslam dini, Siriýa, Müsür, Demirgazyk Afrika, Ispaniýa, Messopotamiýa, Eýran we Azerbaýjanyň bir bölegi bilen Günbatar Türkistana ýaýraýar. 300 ýylyň dowamynda yslam dinine esaslanýan täze medeniýet ýüze çykýar. Şol medeniýeti kabul eden ilkinji Musulman türk döwleti Idil Bolgar döwleti bolupdyr.

Emma İdil bolgarlaryň musulmanlygy beýleki türklere öz täsirini ýetirip bilmändir. Şol döwrüň türk dünýäsiniň merkezi döwleti Garahanly döwleti bolupdyr.Taryhy belliklere görä, 10-njy asyryň ortalarynda Garahanly hökümdary Satyk Bugra han musulman bolýar.

Bu türk dünýasi üçin diýseň möhüm waka bolýar.Satyk Bugra hanyň halkynyň esasy bölegi hem gysga wagtda musulman bolýar. 10-njy asyryň ortalarynda, Seýhun derýasynyň kenarynda ýaşaýan Oguzlardan hem ýüz müňlerçe adam musulman bolýar.

Uly türk tapýalaryndan biri bolan oguzlaryň esasy bölegi Garahanlylaryň içindäki Garlyk, Ýagma, Çigil, Tohsi taýpalary, Demirgazyk gündogardaky İdil bolgarlary musulman dinini ykrar edýär.Uýgurlar, Yrtyşyň kenaryndaky kimekler we Ýeniseýiň kenaryndaky gyrgyzlar bolsa musulmanlygy has giç kabul edýär.

Ugurlar Burkanjy we Maniji bolupdyr.Beýlekileri bolsa gadymy türki dinini dowam etdiripdir.

Din bilen birlikde medeniýeti hem kabul eden Türk dünýäsiniň ýazuw dili umuman alnanda arapça we parsça boludyr.Ylmy eserler arap, edebi eserler bolsa pars dilinde ýazylypdyr.Döwlet işlerinde hem arap we pars dili ulanylypdyr.

Hatda şol döwrüň şahyrlarynyň we alymlarynyň eserleriniň esasy bölegi arap we pars dilinde ýazylypdyr.Emma muňa garamazdan biziň günlerimize çenli gelip ýeten Garahanly döwrüne degişli türk dilinde ýazylan birnäçe esere gabat gelmek bolýar.

Bular yslam türk edebiýetiniň bilinýän ilkinji uly eseri bolan Ýusup Has Hajib tarapyndan ýazylan Kutadgu Bilig, türk diliniň bilinýän ilkinji sözlügi bolan Mahmud Kaşgarlynyň Diwany Lügat et Türk, Gurhanyň ilkinji terjimesi bolan, Edip Ahmediň öwüt-ündew we ahlak kitaby bolan Atabetul Hakaýyk eseri we Hoja Ahmed Ýasawynyň ýazan Diwany Hikmet atly eseridir.

Eserlerde arap we pars diliniň täsirlerini görmek bolýar.Mahmud Kaşgarynyň sözlügini araplara türk dilini öwretmek maksady bilen ýazandygy bilinýär. Ýusup Has Hajybyň Kutadgu Bilig atly eseri 11-nji asyrda türk diliniň ylym dili hökmünde ulanylandygyny görkezýän esasy çeşmedir.

Edip Ahmediň Atabetul Hakaýyk atly eseri öwüt-nesihat bermek maksady bilen ýazylýar.

Ahmet Ýasawynyň esasy tarapy döreden Ýasawylyk tarykaty, ýolgörkezijiligi we ýazan şygyrlary arkaly musulmançylygy ýönekeý dilde çarwa türki halklaryna düşündirmegidi.Tükileriň musulmançylyga sada dilde düşünmeklerinde we ony ykrar etmeklerinde Ahmet Ýasawynyň hem-de onuň sopularynyň goşlandy uludyr. 11-nji asyrda Ýarkentde uýgur we arap elipbiýlerinde ýazylan deňeşdirme resminamalary, edebiýadyň däl, dil we hukuk taryhy ugruna degişlidir. Şol asyrdaky gurhan terjimelerine gelenimizde bolsa, biri Stambulyň Türk-yslam eserleri muzeýinde, beýlekisi bolsa Londonda, üçünjisi Sankt-Peterburgdaky Gurhan terjimeleri hem türki diliň hem-de taryhyň mowzuklarydyr.

Dil ylmynda morfologiýa, leksikologiýa we semantik taýdan baý materiallary özünde jemleýärler.

11-12-nji asyrlarda ýazylan ähli eserlere üns berilende yslam dinini ykrar eden türki halklaryn ilkinji türkiçe din, hukuk, syýasaty öwreniş, sosiologiýa, sözlük, grammatika we edebiýat tekstlerinin Garahanly döwründe ýazylandygy görülýär. Orta asyrlarda türki dildäki eserleri bilen türki dile hyzmat eden ýokarda ady agzalan we ady bilinmeýän ýene-de ençeme alymlaryn saýasynda türki dili şu günki güýjüne eý ebolandyr.

TSR-nyň Türkmen dilindäki goýberlişinde Nagzül Kadyrowa tarapyndan taýarlanan Türk dünýäsine bagyş edilen ömürler atly gepleşigimiziň bu günki snynda Orta asyrda türk döwletlerinde diliň we edebiýatň ulanylşy, esasy şahsyýetler hakynda hakynda maglumat berdik.

Ýene degişli makalalar

Alym 'türki hökümdarlaryň atasy hasaplanan' Alp Er Tonganyň mazaryny Buharadan tapandygyny aýdýar
Mahmyt Kaşgarynyň ömrü we dörejiligi
Kutadgu Bilig we eseriň awtory Ýusup Has Hajibiň ömrü we döredijiligi
Britaniýada türki dildäki ilkinji Gurhan tapyldy
Horezm döwri we şol döwürde ýazylan eserler
11-nji noýabrda Ýaşlar atly gysga göwrümli çeper filmiň ilkinji görkezilişi bolar