Kutadgu Bilig we eseriň awtory Ýusup Has Hajibiň ömrü we döredijiligi

Kutadgu Bilig we eseriň awtory Ýusup Has Hajibiň ömrü we döredijiligi

Türk dünýäsine bagyş edilen ömürler atly gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Garahanly döwrüniň naýbaşy eserlerinden biri bolan Kutadgu Bilig we eseriň awtory Ýusup Has Hajibiň ömrü we döredijiligi hakynda maglumat bermekçi.

Türk dünýäsiniň gadymy döwürlerinden miras galan Orhun-Ýeniseý ýadigärliklerinden soňky naýbaşy eserlerden biri hem 11-nji asyrda Balasagunly Ýusup Haj Hajibiň ýazan Kutadgu Bilig atly eseridir. Biziň günlerimize çenli gelip ýeten eser, Garahanly döwründe türk dilinde ýazylan edebi eser bolmagy taýdan diýseň möhüm.

Kutadgu Bilig, orta türkçe döwrü diýilýän döwürde 1069-1070-njy ýyllaryň aralygynda ýazylýar.Beýtler görnüşinde ýazylan eser, syýasatnama ýada nesihatnama hökmünde häsiýetlendirilýär. 6645 beýtde ýagny 13 müňden gowrak setirde ýazyjy öz döwrüniň döwlet dolanşygy hakynda maglumat berýär.

Syýasatnama hökmünde häsiýetlendirlen Kutadgu Bilig, yslam ruhy bilen ynsana hem bu dünýede hem-de o dünýede sözüň doly manysynda keramatly bolmak üçin amala aşyryljak işleri görkezmek maksady bilen ýazylýar.

Eseriň 4 sany esasy gahrymany bar. Eser gahrymanlaryň arasynda sorag jogap görnüşinde dowam edýär. Gahrymanlardan hökümdar bolan Gündogdy adalata, onuň weziri Aýtoldy keramata, hökümdaryň ogly Ögdilmiş akyla, garaýşa we Odgurmuş bolsa gelejege wekilçilik edýär.

Sorag-jogap görnüşinde dowam edýän eserde ýagşylyk etmegiň peýdalary; bilimiň we akylyň peýdalary; döwletiň, hökümdaryň wezipeleri; weziriň, serkerdäniň, ilçileriň, aşpezleriň, hyzmatkärleriň wezipeleri we jogapkärçilikleri, dünýäniň kemçilikleri, şalara hyzmat etmegiň usullary, alymlar, tebipler, düýş ýorgutçylary, öňdengörüjiler, şahyrlar, daýhanlar, tüjjarlar, maldarlar, garyp gasarlar bilen gürrüň etmek; maşgala gurmak, çaga terbiýesi, myhmançylyga gitmegiň däbi, ýurduňy tanyşdyrmagyň usullary: dogruçyl bolmak, adamkärçilikli bolmak we dostlyk ýaly meselelere orun berilýär.

Eser türk dilinde ýazylmagy taýdan hem diýseň möhüm. Şol döwrüň şertlerine ser salnanda arap we pars dillerine we medeniýetlerine garşy türk dilini beýgeltmek we gorap saklamak taýdan hem bu eser diýseň möhüm.

Ýazyjy Balasagunly Ýusup hakyndaky maglumat bolsa çäkli. Şol maglumatlara görä Ýusup, 11-nji asyrda Balasagunda dogrulýar.Asylzada maşgaladan bolan Ýusup arap we pars dillerini gowy bilipdir. Ýazyjy eserini Balasagunda ýazmaga başlapdyr, Kaşgarda bolsa tamamlapdyr.

Balasagunly Ýusup, Kutadgu Bilig atly eserini Garahanly hökümdary Tabgaç Gara Bugra hanyň huzurynda okapdyr.Hakan bu eseri diýseň halapdyr we Ýusupy sylaglap oňa “has hajip” çinini beripdir.Eserini 18 aýda ýazyp gutaran ýazyjynyň 50 ýaşyndadygy aýdylýar.

Meşhur dilçi alym Reşit Rahmeti Arat ýazyjy Balsagunly Ýusubyň 1015-1016-njy ýyllarda doglandygyny nygtaýar. Ýazyjynyň haçan aradan çykandygy barada bolsa anyk maglumat ýok.Balasagunly Ýusup diňe eseriniň soňky bölümlerinde indi garandygyny ýazýar.

Kutadgu Biligiň biziň günlerimize gelip ýeten üç nusgasy bar.Soňky ýazylan uýgur elipbiýindäki nusgasy Hyratda, arap elipbiýinde ýazylan iki nusgasy bolsa Müsürde we Ferganada saklanýar.Ylym dünýäsinde şol gymmatly eseriň öwreniliş tapgyryny Türkolog Wamberi başlatdy.

Emma doly tekstini Radlow çap edýär.Eseri giňişleýin öwrenen bolsa Reşit Rahmeti Aratdyr.Ylmy barlag taryhyna ser salanymyzda Kutadgu Bilig 19-20-nji asyrlarda bütin dünýäde türkologiýa boýunça edilen iň uly açyş kabul edilýär. Şol açyş bilen türk milletinin diňe bir folklora däl, eýsem ýazmaça eserlere hem eýedigi subut edildi.

Gübatar dünýäsinde iki asyrdan bäri eseriň üstünde işlenýär.Häzirki wagta çenli Ýewropanyň, Amerikanyň, Sowet Soýuzynyň, Hytaýyň, Ýaponiýanyň, Koreýanyň we Türkiýäniň alymlary türk edebiýaty bilen bagly barlaglar geçirip, Kutadgu Bilig boýunça beýik alymlary ýetişdirdiler.

Bizin döwrümizde-de öwrenilmäge dowam edilýän eser, türki dünýäde 11-nji asyrda gepleşilen dili şöhlelendirýän gymmatly eserlerden biridir.

Gepleşigimiziň bu sanynda Ýusup Has Hajybyň Kutadgu Bilig atly eseri hakynda gysgaça maglumat berdik. Eseriň awtory Balasagunly Ýusup Has Hajyp türk dünýäsi durdugyça baky ýaşar.

Ýene degişli makalalar

Orta asyrda türk döwletlerinde diliň we edebiýatyň ulanylşy
Magtymguly Pyragynyň şygyrlary jöwher paýhasyň miwesi
11-nji noýabrda Ýaşlar atly gysga göwrümli çeper filmiň ilkinji görkezilişi bolar
Balam dükanlar tory Lego oýunjaklaryna 50% arzanladyş yglan edýär
Döwletjan Ýagşymyradow Kuruluş: Osman atly türk filminiň dördünji möwsüminde surata düşdi
Iş Nokady English club duşuşyklarynyň täzeden başlanjakdygyny habar berýär