Aşgabat şäheri boýunça üç sany täze awtobus ugurlary açyldy

Aşgabat şäheri boýunça üç sany täze awtobus ugurlary açyldy

“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ilatyň awtomobil gatnawlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, 2021-nji ýylyň 10-njy iýunyndan başlap, 76-njy “Awtokombinat Howa mezili”, 102-nji “Awtokombinat Teke bazar” we 103-nji “Parahat Howa menzili” täze awtobus ugurlaryny açdy. Bu barada Aşgabatdaky awtoulag kärhanasynyň resmi saýtynda habar berilýär.

76-njy “Awtokombinat Howa mezili” ugry boýunça awtobus “Awtokombinat” belleniş nokadyndan ugraýar we Atamyrat Nyýazow şaýoly Gündogar köçe Oguzhan köçe Nurmuhammet Andalyp köçe Görogly köçe Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly Magtymguly şaýoly Nurmuhammet Andalyp köçe Hojaahmet Ýasawy köçe Bitarap Türkmenistan şaýoly bilen hereket edip, Howa menziline barýar hem-de yzyna Bitarap Türkmenistan şaýoly Atamyrat Nyýazow şaýoly Garry Kulyýew köçe Geldi Bäşiýew köçe Artyk Jallyýew köçe Nurmuhammet Andalyp köçe Oguzhan köçe Gündogar köçe Atamyrat Nyýazow köçe bilen hereket edip, “Awtokombinat” belleniş nokadyna gelýär.

102-nji “Awtokombinat Teke bazar” ugry boýunça awtobus “Awtokombinat” belleniş nokadyndan ugraýar we Atamyrat Nyýazow şaýoly Gündogar köçe Oguzhan köçe Bitarp Türkmenistan şaýoly Galkynyş köçe Alyşir Nowaýy köçe Döwletmämmet Azady köçe Ata Gowşudow köçe bilen hereket edip, “Teke bazar” belleniş nokadyna barýar hem-de yzyna Mahmyt Kaşgary köçe Döwletmämmet Azady köçe Atamyrat Nyýazow şaýoly Görogly köçe Alyşir Nowaýy köçe Galkynyş köçe Bitarap Türkmenistan şaýoly Oguzhan köçe Gündogar köçe Atamyrat Nyýazow şaýoly bilen hereket edip , “Awtokombinat” belleniş nokadyna gelýär.

103-nji “Parahat Howa menzili” ugry boýunça awtobus “Parahat” belleniş nokadyndan ugraýar we Alty Garlyýew köçe 10 ýyl Abadançylyk köçe Bitarap Türkmenistan şaýoly Galkynyş köçe Alyşir Nowaýy köçe Görogly köçeleri Atamyrat Nyýazow şaýoly Annaly Berdiýew köçe Bitarap Türkmenistan şaýoly bilen hereket edip, Aşgabat Halkara howa menziline barýar hem-de yzyna Bitarap Türkmenistan şaýoly Annaly Berdiýew köçe Atamyrat Nyýazow şaýoly Görogly köçe Alyşir Nowaýy köçe Galkynyş köçe Bitarap Türkmenistan şaýoly 10 ýyl Abadançylyk köçe Alty Garlyýew köçe bilen hereket edip, “Parahat” belleniş nokadyna gelýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-33-90, 44-33-91.

Ýene degişli makalalar

GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ ÄHLI HALKYNA
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bilen gutlady
Magtymgulynyň edebi mirasy gymmatly hazyna
Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwaly geçirilýär
Türkmenistan awiakompaniýasy onlaýn görnüşde petekleriň satuwyny dikeltdi, Türkmenistanda ýaş maşgalalar üçin ýeňillikli karzlaryň mukdary artdyryldy, we Aşgabat-Serhetabat ugry boýunça demir ýol gatnawy dikeldildi
Türkmenistanyň Prezidenti türkmen-özbek dostluk festiwalyna gatnaşyjylara Gutlag iberdi