Erkek egin-eşigi we aýakgap dükany Zilli 50%-e çenli arzanladyş yglan edýär

Erkek egin-eşigi we aýakgap dükany Zilli 50%-e çenli arzanladyş yglan edýär

Aşgabatdaky Zilli haryt nyşanynyň dükany erkek egin-eşikleriniň we aýakgaplarynyň ähli toplumlarynda 35%-den 50%-e çenli arzanladyş yglan edýär. Tomusy arzanladyş 31-nji awgusta çenli dowam eder.

Ýewropa haryt nyşanynyň dükanynda gündelik durmuş, işewürlik duşuşyklary, ýokary derejeli oturylyşyklar we sport bilen meşgullanmak üçin özüne çekiji hem-de döwrebap egin-eşik nusgalary, aýakgaplar we aksessuarlar hödürlenýär.

Zilli hakyky deriden taýýarlanan lýuks derejeli erkek egin-eşigini öndürýän fransuz haryt nyşanydyr. Bu materiallar aýakgaplara we aksessuarlara özboluşly görnüş hem-de duýgy berýär, şeýle hem has berk bolmagyny üpjün edýär. Zilli haryt nyşanly egin-eşikler öňdebaryjy hili, nepis el işleri we üýtgewsiz stili bilen tapawutlanýarlar.

Aşgabatdaky Zilli dükany Alyşir Nowaýy köçesiniň ugrundaky Altyn Zaman söwda merkezinde ýerleşýär.

Iş wagty: iş günleri sagat 10:00-dan 20:00-a, dynç günleri 11:00-dan 20:00-a çenli. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: (+993 12) 92 77 22. Sosial ulgamdaky sahypasy.

Ýene degişli makalalar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar Geňeşiniň 16-njy mejlisindäki çykyşy
Türki dilli döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
DAŞARY ÝURT RAÝATLARYNY TÜRKMENISTANYŇ MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ 300 ÝYLLYGYNA ATLY ÝUBILEÝ MEDALY BILEN SYLAGLAMAK HAKYNDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY
Nowaýynyň Owganystandaky heýkeliniň ýykylmagy Türkmenistanda we Özbegistanda nägilelik döretdi
Garagalpak Türkçesi
Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşdy
Aşgabatda Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumy açyldy