Batyr Hajyýewiň we Allaberdi Öwezdurdyýewiň şahsy sergisi

Batyr Hajyýewiň we Allaberdi Öwezdurdyýewiň şahsy sergisi

2023-nji ýylyň 18-nji awgustynda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde Mary welaýatynyň ussat suratkeşleri Türkmenistanyň Suratkeşler Birleşiginiň agzasy Batyr Hajyýewiň, Allaberdi Öwezdurdyýewiň döredijilik şahsy sergisi açyldy.

Bu sergide suratkeşleriň 80-den gowurak eserleri sergilendi.Olardan Batyr Hajyýewiň Türkmen gyzy, Merw, Agşam, Oba Awçy, Halyçy ýaly eserleri gatnaşdyryldy.Allaberdi Öwezdurdyýewiň Süýjilik, Küzegär, Çagalyk, Obamdaky meňzeşlik, Çopan goşy, Basym ejem geler we bulardan başgada ençeme saýlama eserler bilen sergini bezediler.

Dabaramyzyň başynda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde direktory Gözel Hakberdiýewa, Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag bolmagyny, ömürleri uzak bolmagyny, alyp barýan il-ýurt bähbitli döwletli işlerini rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edip sergimizi açyk diýip yglan etdi.

Soňra Türkmenistanyň halk suratkeşi heýkeltaraş Gylyçmyrat Ýarmämmedow, Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň direktory Öwezgeldi Ýagmyrow, Suratkeşler birleşiginiň Mary welaýat şahamçasynyň başlygy Myrat Gurbangeldiýew, Saparmämmet Meredow, Rahman Omarow serginiň sebäpkärlerini döredijilik sungat sergisi bilen gutladylar.

Ýene degişli makalalar

Mary welaýatynyň ussat suratkeşleriniň sergisi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň döredilmeginiň 55 ýyllygy mynasybetli bäsleşik geçirildi
Türkiýe Türkmenistanyň raýatlary üçin wagtlaýyn wiza düzgünini girizer, Aşgabatda döwrebap zeýkeş ulgamy dörediler, Ahal welaýatynda hususyýetçileriň täze senagat zolagy dörediler