Türkmen dzýudoçylar Ýewropada 2 altyn medal gazandy

Şu günler Awstriýanyň Oberwarte şäherinde geçirilýän dzýudo boýunça Ýewropanyň açyk çempionatynda türkmen türgenleri iki medal gazandylar. Oňa diňe Ýewropadan däl, eýsem beýleki yklymlardan hem ýygyndylar gatnaşýar. Çempionata türkmenistanly dzýudoçylaryň 28-si gatnaşýar.

60 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden ildeşimiz Hakberdi Jumaýew ýaryşyň deslapky tapgyrynda fransiýaly Ýohan Russelden, wengriýaly Marton Andrasiden we germaniýaly Maksimilian Standkeden üstün çykdy. Ýarym finalda gazagystanly Dauren Sýukenowy ýeňen ildeşimiz altyn medal ugrundaky tutluşykda fransiýaly Riçard Wergnesden rüstem geldi. Şeýlelikde, Hakberdi Jumaýew bu agram derejesinde hormat münberiniň iň ýokary basgançagyny eýeledi.

Türgen geçen aýda Türkiýede geçirilen Yslam raýdaşlygy oýunlarynda hem 60 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşyp, bürünç medala mynasyp bolupdy.Beýleki bir ildeşimiz Hekim Agamämmedow bolsa Ýewropa çempionatyna 66 kilograma çenli agram derejesinde gatnaşyp, altyn medala mynasyp boldy.

Deslapky tapgyrda fransiýaly Seýma Lueti, slowakiýaly Mateýem Polýaky we niderlandly Iwo Werhosteri ýeňen ildeşimiz ýarym finalda we finalda gazagystanly dzýudoçylar bilen tutluşdy.Agamämmedow ýarym finalda Aýbolar Ystybaýy, finalda bolsa Ýermek Amangeldini ýeňdi.

Hekim hem Yslam raýdaşlygy oýunlarynda bürünç medaly eýeläpdi.

Ýene degişli makalalar

Hakberdi Jumaýew dzýudo boýunça Ýewropanyň açyk çempionatynda altyn medala mynasyp boldy
Türkiýe Türkmenistanyň raýatlary üçin wagtlaýyn wiza düzgünini girizer, Aşgabatda döwrebap zeýkeş ulgamy dörediler, Ahal welaýatynda hususyýetçileriň täze senagat zolagy dörediler
Türkmenistanly dzýudoçylar 2023-nji ýyldaky ilkinji halkara synagyna şu ýylda çykarlar
Türkmenistanly dzýudoçylar Parižiň Uly tuwulga ýaryşyna gatnaşarlar
Türkmen dzýudoçylar Tel-Awiw Gran prisine gatnaşar
Türkmenistanyň dzýudo ýygyndysy Tbilisidäki Uly tuwulga ýaryşyna gatnaşar