Türkmenistanly dzýudoçylar Türkiýe Uly tuwulgasyna gatnaşar

Türkmenistanly dzýudoçylar Türkiýe Uly tuwulgasyna gatnaşar

Halkara Dzýudo federasiýasynyň resmi saýty Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň 31-nji mart ― 2-nji aprel aralygynda Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçiriljek Uly tuwulga ýaryşyna gatnaşjakdygyny habar berdi.

Abraýly ýaryşda türkmen ýygyndysyna Aýbek Omirow, Hakberdi Jumaýew (60 kg-e çenli agramda), Serdar Rahymow, Hekim Agamämmedow (66 kg-e çenli agramda) hem-de Parahat Nazarow (72 kg-e çenli agramda), Aksoltan Hojageldiýewa, Gurbanaý Gurbanowa (48 kg-e çenli agramda), Saýara Rozyýewa (52 kg-e çenli agramda), Maýsa Pardaýewa (57 kg-e çenli agramda) we Zulhumar Daşgynowa (63 kg-e çenli agramda) dagy wekilçilik eder.

Ýaryşa 85 ýurtdan 616 pälwanyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Dzýudo boýunça Türkmenistanyň ýygyndysynyň Katarda geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşjak düzümi belli boldy
Türkmenistanyň dzýudo ýygyndysy Tbilisidäki Uly tuwulga ýaryşyna gatnaşar
Dzýudo boýunça dünýä çempionatyna Türkmenistandan 8 türgen gatnaşar
Türkmen dzýudoçylary Zagrebdäki halkara Gran-pri bäsleşigine gatnaşarlar
Türkmenistanly dzýudoçylar Parižiň Uly tuwulga ýaryşyna gatnaşarlar
Türkmenistanly dzýudoçylar 2023-nji ýyldaky ilkinji halkara synagyna şu ýylda çykarlar