“Bawariýa” Berlinde büdredi, PSŽ “Liondan” utuldy

Germaniýanyň “Bundesligasynda”-da sanawyň lideri üýtgedi. “Union Berlin” bilen myhmançylykda duşuşan “Bawariýa” 2 utuk ýitirdi (Prýomel 4 Lewandowski 67). Öz meýdançasynda “Hoffenhaýmy” Beýli (2), Baumgertner hem-de Alarionyň gollary bilen 4-1 hasabynda ýeňen Lewerkuzen şäheriniň “Baýeri” 1-nji oýna çykdy. Ýeňlişsiz barýan “Baýer” 5 ýyldan soň, “Bundesligada” 1-nji orna çykmagy başardy.

Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlarynyň käbirlerinde oýnalan soňky tapgyrlardan soň, sanawyň lideri üýtgedi.Fransiýanyň çempionaty “Ligue 1”-de tapgyryň merkezi oýnunda PSŽ öz meýdançasynda “Liondan” 1-0 utuldy.

Duşuşykda ýeke-täk goly 35-nji minutda Kadewere geçirdi.Oýnuň ahyrlarynda, has takygy, 90+6-njy minutda PSŽ-niň braziliýaly ýyldyzy Neýmar agyr şikes aldy.Bu ýeňlişden soň, PSŽ 3-nji orna düşdi. Öz meýdançasynda “Bordony” 2-1 ýeňen “Lill” sanawyň täze lideri boldy.

Ispaniýanyň “La Ligasynda” hem Madrid derbisinden “Realdan” 2-0 (Kazemiro 15, Oblak 63 ö.d.) utulan “Atletiko” 2-nji orna düşdi. “Atletiko” topary şu möwsümde ilkinji gezek ýeňlişe sezewar boldy. Öz meýdançasynda “Eýbar” bilen 1-1 deňm-deň oýnan “Real Sosiedad” ýene-de täzeden liderlige gaýdyp geldi.

The post “Bawariýa” Berlinde büdredi, PSŽ “Liondan” utuldy appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Üç uly çempionata badalga berilýär
“Türkmenistan Sport” teleýaýlymynda Ýewropa futboly göni ýaýlymda görkezilýär
Meşhur klub 30 ýyldan soň 2-nji liga düşdi
Ýurduň iň köp çempion bolan topary 2-nji liga düşdi
3-nji liganyň wekili “Bawariýany” kubok ýaryşyndan çykardy
Dünýä Kubogyna öýlerinde tomaşa etjek ýyldyzlar