“Bawariýanyň” hüjümçisi Lewandowskiý 2020-nji ýylyň iň gowy futbolçysy diýlip yglan edildi

“Bawariýanyň” hüjümçisi Lewandowskiý 2020-nji ýylyň iň gowy futbolçysy diýlip yglan edildi

Polşanyň futbol boýunça ýygyndy toparynyň we Mýunheniň “Bawariýasynyň” 32 ýaşly futbolçysy Robert Lewandowskiý “Goal” neşiriniň garaýşy boýunça, 2020-nji ýylyň iň gowy futbolçylarynyň reýtinginde birinji orny eýeledi. Bu barada news.ru habar berýär.

Geçen möwsümde oýunçy nemes kluby üçin 47 oýna gatnaşdy, olarda 55 pökgi geçirdi. “Bawariýa” bilen Lewandowskiý ýurduň çempionatyny, Germaniýanyň Kubogyny we Superkubogyny, Çempionlar ligasyny we UEFA-nyň Superkubogyny utdy.

Reýtingiň ikinji ornunda iňlis kluby “Mançester Sitiniň” we Belgiýanyň ýygyndy toparynyň 29 ýaşly ýarym goragçysy Kewin de Brýoýne, üçünji orunda ispan “Barselonasynyň” we Argentinanyň ýygyndy toparynyň 33 ýaşly hüjümçisi Lionel Messi, dördünji orunda “PSŽ-niň” 28 ýaşly braziliýaly oýunçysy Neýmar, bäşinji orunda “Ýuwentusyň” we Portugaliýanyň ýygyndy toparynyň 35 ýaşly futbolçysy Kriştianu Ronaldu ýerleşdi.

Sanawa Kilian Mbappe, Wiržil wan Deýk, Karim Benzema, Tomas Mýuller we Sadio Mane hem girdi.

Ýene degişli makalalar

Goal-a görä, Messi Alty pökgä iň ýakyn futbolçy
Dohada Türkmenistanyň ilçihanasy açyldy, Çoganlyda täze medeni-dynç alyş seýilgähi peýda bolar, Mejlis hakynda Türkmenistanyň Kanuny güýje girdi we beýleki habarlar
“The Guardian” Lewandowskini 2020-nji ýylyň iň gowy futbolçysy diýip yglan etdi
Goal: Messi — indiki Altyn top ugrundaky göreşde lider
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy dünýä metbugatynyň sahypalarynda
Turkmenistan and the United Nations are committed to long-term cooperation