“Barselonanyň” stadionyna Messiniň ady dakylyp bilner

“Barselonanyň” stadionyna Messiniň ady dakylyp bilner

Ispaniýanyň “Barselona” futbol klubynyň prezidentligine dalaşgärleriň biri Emili Russo saýlanan ýagdaýynda toparyň “Kamp Nou” stadionyny argentinaly hüjümçi Lionel Messiniň hormatyna atlandyrmagy meýilleşdirýändigini aýtdy. Russonyň teswirini Goal portaly getirýär diýip, TASS habar berýär.

Awgust aýynda Messi klubyň ýolbaşçylary bilen gapma-garşylyk sebäpli “Barselonadan” gitmäge synanyşdy.Soňra ol “Barselona” bilen hukuk dawasyny etmek islemeýändigi we maşgalasynyň Kataloniýada galmak islegi sebäpli galmak kararyna gelendigini habar berdi. 27-nji oktýabrda klubyň prezidenti Hosep Bartomeu wezipesinden gitdi.

Messi 33 ýaşynda, ol “Barselonanyň” ýetişdiren oýunçysydyr.Esasy toparyň düzüminde ol 2004-nji ýylda ilkinji gezek çykyş etdi.Messiniň hasabynda professional karýerada 700-den gowrak goly bar.

Ol “Altyn pökgi” baýragynyň alty gezek eýesi boldy, bu rekord hasaplanylýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti döwlet sapary bilen Gazagystana bardy, üç sany türkmen ýokary okuw mekdebi dünýä sanawyna girdi, Lebapda senetçileriň halkara festiwaly tamamlandy
Ýylyň garaşylýan filmleri
Şu ýylyň garaşylýan esasy kinolary
Türkmenistanda rus dili: Täze meýiller, köne tejribeler (2-nji bölüm)
Russiýada GDA-nyň wekilleri üçin mugt okuw orunlary köpeldiler
Russiýada mugt okamak üçin hasaba alnyşyk başlandy