Formula Rossa özboluşly gezelenç

Formula Rossa Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki Ferrari World seýilgähinde ýerleşýän dünýädäki iň çalt hereket edýän attraksion oýun maşynydyr.Intamin kompaniýasy tarapyndan 2010-njy ýylda gurlup ulanylmaga berlen Formula Rossa-nyň iň ýokary tizligi sagatda 240 kilometre ýetýär.Attraksion oýun maşynynda gidrawlik ulgam ulanylyp, 4,9 sekuntda ýokary tizlige galýar.

Rossa formulasynyň uzynlygy 2,2 kilometre barabar bolup, Autodromo Nazionale Monza italýan ýolunyň gurluşyndan ylham alnyp, ýoluň öwrümleri esasynda işlenip düzülipdir. Ýokarky öwrümleri 52 metre ýetýän attraksion oýun maşyny 2,2 kilometr ýoly bary-ýogy 1,32 minutda geçýär.

Formula Rossa-da Ferrariniň şekilinde döredilen maşynlar hereket edip, her bir syýahatçy howadaky bölejiklerden goranmak üçin äýnek dakynmaly bolýar.

Ýene degişli makalalar

Rus Žurnalist Erdogan Hakynda Dokumantal Film Taýarlady
Türkmen uniwersitetiniň wekiliýeti Uniwersitetler we gelejek atly halkara foruma gatnaşdy
“Ferrariden” goşa üstünlik
Orenburgdaky Ural derýasynyň suwy iň howply derejede ýokarlandy
Täsin ukyply Liwanur Täsin adamlarda bäsleşdi
Türkmenistanda rus dili: Täze meýiller, köne tejribeler (3-nji bölüm)