GDA-dan bolan dalaşgärler 25-nji noýabra çenli Russiýanyň ÝOM-laryna mugt girip bilerler

GDA-dan bolan dalaşgärler 25-nji noýabra çenli Russiýanyň ÝOM-laryna mugt girip bilerler

“Rossotrudniçestwo” federal agentligi GDA-dan bolan dalaşgärler üçin ýokary okuw mekdeplerine giriş resminamalarynyň kabul edilmegini 1-nji noýabrdan 25-nji noýabra çenli uzaltdy. Bu barada e-cis.info habar berýär.

Kabul ediş kampaniýasynyň uzaldylmagy koronawirus pandemiýasy sebäpli girişdäki kynçylyklar bilen baglanyşyklydyr. Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bakalawriat, hünärmen, magistratura, ordinatura we aspirantura programmalary boýunça mugt bilim almak üçin resminamalaryň kabul edilmegi uzaldyldy.

Ol resminamalary onlaýn tabşyrmagyň amatlydygyny, sebäbi dalaşgärlere pandemiýa we çäklendirmeler döwründe haýsydyr bir ýere gitmegiň zerur däldigini belledi. Ýöne GDA ýurtlarynyň käbir sebitlerinde internete elýeterlilik bilen bagly kynçylyklar bar, “okuwa girýänleriň ähli zady aňsatlyk bilen resmileşdirip bilmegi üçin agentligiň özi hereket edýär we arzalaryň kabul edilmegini uzaldýar” diýip, Şewsow aýtdy.

Kwota 23 müň orun bolup, olar esasan GDA ýurtlaryndan bolan ýaşlar üçin niýetlenýär.

“Rossotrudniçestwo” arzalaryň köpüsiniň Täjigistandan, Türkmenistandan, Gazagystandan, Belarusdan we Özbegistandan bolan dalaşgärlerden gelýändigini belledi. Ýaşlar, esasan, bakalawriat programmasy boýunça mugt okamak isleýärler.

Ýene degişli makalalar

Türkmen uniwersitetiniň wekiliýeti Uniwersitetler we gelejek atly halkara foruma gatnaşdy
Türkmenistanda rus dili: Täze meýiller, köne tejribeler (3-nji bölüm)
“Ferrariden” goşa üstünlik
Orenburgdaky Ural derýasynyň suwy iň howply derejede ýokarlandy
Täsin ukyply Liwanur Täsin adamlarda bäsleşdi
Putin: "Türkiye, energiýada iň ygtybarly hyzmatdaşydyr" diýdi
Putin Ukrainadaky Operasiýalaryň Giç Başlandygyny Aýtdy