Baýden Netanýahu bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Baýden Netanýahu bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Ak Tamdan berilen beýanata görä, Baýden we Netnýahu telefon söhbetdeşliginde Ysraýyl bilen Hamasyň arasyndaky ýesir çalşygy bilen bagly gepleşikleri maslahatlaşdylar.

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bolsa ähli ýesirleriň mümkin bolan iň gysga möhletde azat edilmegi üçin tagalla etjekdiklerini beýan etdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden Ysraýylyň Rafah şäherine asuda ilatyň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi bilen bagly ygtybarly we durmuşa geçirip boljak meýilnama bolmazdan hüjüm etmeli däldigini aýtdy.

Gaza guran hüjümleri we basyp alyşlygy bilen on müňlerçe palestinalyny öldüren Ysraýyl, sebitiň demirgazyk we orta zolagyndaky ilatyň agramly bölegini Müsür serhediniň golaýyndaky Rafah şäherine göçmäge mejbur edipdi.

Ysraýyl hüjümleriň dowamynda demirgazykda ýaşaýanlar üçin howpsuz diýip yglan eden günorta sebitini hem gury ýerden basyp almak we ilaty ol ýerden zor bilen çykarmak isleýär.

Rafah şäherinde 1 million 400 müň töweregi palestinalynyň ýaşaýandygy çak edilýär.

Halkara jemgyýet Ysraýyla Rafaha garşy gurajak giňişleýin hüjümiň täze we uly tragediýa sebäp boljakdygy barada duýduryş berýär.

Ysraýylyň goşuny Gaza zolagyna 7-nji oktýabrdan bäri guraýan hüjümlerinde takmynan 40 müň palestinaly ýogaldy.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl Rafahda Gyrgynçylyk Etmage Taýýarlyk Görýär
Gazada 7-nji Oktýabrdan Bäri Adamzat Taryhyň Iň Pajygaly Gyrgynçylygy Başdan Geçirilýär
Ispaniýa, Malta, Irlandiýa we Sloweniýa Palestinany Ykrar Eder
Netanýahu Her Damja Ganyň Hasabyny Berer
Hamas: "Gepleşikler tamamlandy" diýdi
ABŞ-dan Ysraýyla Ok-däri Ugradylmagy Bes Edildi
Baýden, Müsüriň we Kataryň Liderinden Hamasa Basyş Edilmegini Isled