Hamas: "Gepleşikler tamamlandy" diýdi

Hamas: "Gepleşikler tamamlandy" diýdi

Hamas Müsüriň paýtagty Kair şäherinde ysraýylly resmiler bilen 2 gün dowam eden Gazada ýaraşyk we iki taraplaýyn häsýetde ýesirleriň azat edilmegi bilen bagly gepleşikleriň tamamamlanandygyny habar berdi.

Hamas tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda: "Kairde gepleşikler tamamlandy. Hamasyň wekiliýeti hereketiň liderleri bilen geňeşmeler geçirmek maksady bilen şäherden çykdy" diýip mälim edildi.

Wekiliýetiň ylalaşyk bilen bagly tekliplere jogabyny Müsürdäki we Katardaky araçylara ýetirendigi bellenen beýanatda, teklip ýa-da jogap barada jikme-jik maglumat berilmedi.

Düýn Kairde Müsüriň we Kataryň araçylyk etmeginde taýýarlanan täze ýaraşyk we ýesirleriň alyş-çalyş şertnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ysraýylyň premýer ministri Binýamin Netanýahu Gaza zolagynyň günortasynda 1,5 million palestinalynyň sygynan Rafah şäherine gury ýer hüjümlerini gurajakdyklaryny, halkara jemgyýet tarapyndan berilýän duýduryşlara garamazdan gaýtalaýar.

Hamas bolsa gol çekiljek ýesir ylalaşygynda Gazadaky uruşyň bes ediljek hemişelik ylalaşyk babatynda kepillik berilmegini isleýär.

Ysraýylyň Gaza garşy geçen ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri dowam etdirýän hüjümlerinde ýogalan palestinalylaryň sany 35 müň adama golaýlady.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl Rafahda Gyrgynçylyk Etmage Taýýarlyk Görýär
Gazada 7-nji Oktýabrdan Bäri Adamzat Taryhyň Iň Pajygaly Gyrgynçylygy Başdan Geçirilýär
ABŞ-dan Ysraýyla Ok-däri Ugradylmagy Bes Edildi
Ysraýyl 183 Günden Bäri Gaza Ölüm Ýagdyrýar
Ysraýylyň daşary işler ministri: "Hamas ýeňilişe sezewar edilýänçä çenli işlerimiz dowam eder" diýdi
ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Blinken Müsürde Saparda Boldy