Baýden we Szinpin noýabrda duşuşyp biler

Baýden we Szinpin noýabrda duşuşyp biler

Birleşen Ştatlar we Hytaý döwlet Baştutanlaryň duşuşygyny guramak barada ylalaşdylar, olar öňdäki noýabrda duşuşyp bilerler. Bu barada Reuters habarlar gullugyna salgylanýan Telegraf.news habar berýär.

Habarda iki ýurduň Liderleriniň 11-17-nji noýabrda San-Fransisko şäherinde geçjek Aziýa-Ýuwaş umman ykdysady hyzmatdaşlyk sammitinde duşuşjakdygy aýdylýar.

ABŞ-da HHR-iň daşary işler ministri Wan I saparda bolýar. Ol 27-nji oktýabrda ýurduň Prezidenti Baýden bilen duşuşyp, ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar. Wan I şeýle hem ABŞ-nyň döwlet sekretary Entoni Blinken we milli howpsuzlyk boýunça Prezidentiň kömekçidi Jeýk Salliwan bilen duşuşdy.

Golaýda HHR-iň Lideri Si Szinpin öz ýurdunyň ABŞ bilen gatnaşyklary sazlaşdyrmaga taýýardygyny aýdypdy. Ol gatnaşyklaryň adamzadyň geljegi bilen dahyllydygyny nygtady.

Ýene degişli makalalar

Time žurnaly aýdymçy Teýlor Swifti ýylyň adamy diýip yglan etdi
Szinpin alty ýylda ilkinji gezek Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna bardy
Si Szinpin ABŞ-da Jozef Baýden bilen gepleşik geçirer
Hytaýyň Döwlet baştutany ABŞ-da saparda bolýar
Baýden Szinpine palaw hödür etdi
ABŞ-nyň ve Hytaýyň Daşary Işler Ministrleri Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi