Baýer öz taryhynda ilkinji gezek Germaniýanyň çempiony boldy

Baýer öz taryhynda ilkinji gezek Germaniýanyň çempiony boldy

Futbol boýunça Germaniýanyň çempionatynyň 29-njy tapgyrynda Baýer öz öýünde Werderi 5:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Oýunda hasaby 25-nji minutda penaltiden Wiktor Bonifase açdy. Granit Jaka 60-njy minutda ýer eýeleriniň üstünligini 2 gola çykardy. Soňra bolsa Florian Wirziň het-trigi (68, 83, 90) Baýere uly hasapdaky ýeňşi gazandyrdy.

Şeýlelikde, Lewerkuzen şäherine wekiliçilik edýän topar bu ýeňiş arkaly ähli turnirlerdäki ýeňlişsiz ýörişini 43 oýna ýetirdi.Habi Alonsodan tälim alýan topar bu möwsümde ýeňlişiň nämedigini bilmän gelýär.Klub şu möwsümde ähli turnirlerdäki 43 oýnuň 38-sinde ýeňiş gazandy we 5 gezek deň oýnady.

Alonsonyň şägirtleri Germaniýanyň Kubogynyň finalyna çykmagy başardylar we Ýewropa ligasynda hem çärýek finalda göreşi dowam etdirýärler. Şeýlelikde, Baýer Ýewropanyň top-5 çempionatynyň arasynda iň uzyn ýeňlişsiz seriýa boýunça Ýuwentusyň rekordyny gaýtalady.

Habi Alonso 2022-nji ýylyň oktýabryndan bäri Baýere tälim berýär. Onuň topar bilen şertnamasy 2026-njy ýylyň tomsuna çenli niýetlenen. Maglumat üçin, bu çempionlyk ispaniýaly hünärmeniň tälimçilik karýerasyndaky ilkinji tituldyr.

Baýer 79 utuk bilen çempionatyň tamamlanmagyna 5 tapgyr galanda iň ýakyn garşydaşlary Bawariýadan we Ştutgartdan 16 utuk arany açyp, wagtyndan öň çempionlygy kepillendirdi. Bu üstünlik toparyň taryhyndaky ilkinji Germaniýanyň çempionlygydyr. Baýer şu wagta çenli 5 gezek çempionatda kümüş medala mynasyp bolupdy. Şeýle-de klubyň titullarynyň muzeýinde Germaniýanyň Kubogy (1992/93) we UEFA-nyň Kubogy (1987/88) bar.

Ýene degişli makalalar

Baýer Ýewropanyň top-5 çempionatynda ýeňlişsiz ýöriş boýunça asyryň rekordyny täzeledi
“Real Madrid” türkiýeli ýaş ýyldyz oýunçyny transfer etdi
Ýene bir ýeňiş Baýeri Bundesliganyň çempionyna öwrer
Depen topy gol bolýan hüjümçi Harri Keýn (makala)
Aşgabatda türkmen-tatar işewürlik maslahaty geçiriler, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi 15 ýyllygyny bellär, Daşoguzda 7 sany köpgatly ýaşaýyş jaýy gurlar we beýleki habarlar
3-nji liganyň wekili “Bawariýany” kubok ýaryşyndan çykardy