Baýkar Firmasynyň Eksporty 1 Milliard 766 Million Dollara Barabar Boldy

Baýkar Firmasynyň Eksporty 1 Milliard 766 Million Dollara Barabar Boldy

Türk goranyş we awiasiýa senagaty pudagynda iş alyp barýan Baýkar firmasynyň eksporty geçen ýyl 1 milliard 766 million dollara barabar boldy.

Prezidentiň ýanyndaky Goranyş senagaty gullugynyň başlygy Haluk Görgün, sosial mediadan beren habarnamsynda, goranyş senagatynyň soňky 10 ýylda dünýäniň çar tarapynda 185 ýurda 230 görnüşli enjam eksport edendigini aýtdy.

Görgün, Baýkar firmasynyň 1,7 milliard dollarlyk eksporty bilen goranyş senagaty pudagyna uly goşant goşandygyny belledi.

Haluk Görgün “Baýkar firmamyz 2003-nji ýyldan bäri girdejisiniň 83 göterimini eksportdan gazanýar we öndüren döwrebap enjamlary bilen ýurdumyzyň ykdysadyýetine uly goşant goşýar” diýdi.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-nyň Ýarag Satuwy Geçen Ýyl 238 Milliard Dollara Barabar Boldy
Halkara ulgam, uly ykdysady çökgünligi başdan geçirýän Müsüre goldaw berýär.
Durna tansy
Leningradyň goranyş we gabaw muzeýinde türkmenleriň şäheri nädip gorandygy gürrüň berler
Erdogan Potratçylar birleşiginiň baýrak gowşurylyş dabarasynda çykyş etdi
ABŞ Polşa dikuçar satar