Erdogan Potratçylar birleşiginiň baýrak gowşurylyş dabarasynda çykyş etdi

Erdogan Potratçylar birleşiginiň baýrak gowşurylyş dabarasynda çykyş etdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan paýtagt Ankara şäherinde Potratçylar birleşiginiň baýrak gowşurylyş dabarasynda çykyş etdi.

Daşary ýurtlarda üstünlik sylaglary bilen sylaglandyrylan kärhanalary we wekillerini gutlan Prezident Erdogan: "Dünýäniň iň uly 250 halkara sanawyň 2022-nji ýyldaky netiejeleri aýan boldy. Şu gün ýurdumyzdan 42 kärhananyň bar bolan şol sanawdaky kärhanalary sylaglandyrýarys. Mundan başgada dünýäniň iň uly 225 tehniki geňeşçi sanawynda bar bolan 6 kärhanamyzyň sylaglaryny hem şu gün bu ýerde gowşurarys" diýip belledi.

Erdogan global krizisleriň ösen ýurtlar bilen birlikde bütin dünýä täsir ýetiren bu döwürde Türk potratçylyk we geňeşçi kärhanalarynyň bular ýaly ýokary görkezijiler bilen sanawa goşulmagynyň uly üstünlikdigini beýan etdi.

"Ähli ugurlarda bolşy ýaly potratçylyk pudagynda hem ýurdumyzyň potensialyndan has köp zada mynasypdygyna şübhe ýok" diýip aýdan Prezident Erdogan: "Ösen ýurtlaryň indi gowy könelen infrastruktutralaryny täzelemek zerurlygy barha artýar. Türkiyäniň soňky ýyllarda amala aşyran infrastruktura göçümi potratçylarymyzy global bäsdeşlikde öň hatara çykardy" diýip belledi.

Prezident Erdogan: "Sizden mundan beýläk has uly hünärli taslamalara ugrukmagyňyzy, ýurdumyzy we özüňizi pudagyň öň hatarlaryna çykarmagyňyza garaşýaryn. Goranyş senagatynda nähili uly ösüşler eden bolsak, potratçylyk pudagynda hem häzirki kuwwady we taslamalary has hem artdyryp, ösdürmegiňiz mümkindir" diýip nygtady.

Ýene degişli makalalar

Hakan Fidan: "Türkiye hökmünde biz indi her ugurda we her stolda bardyrys" diýdi
Prezident Erdogan ýurduň ykdysady görkezijileriniň gaty gowydygyny aýtdy
Halkara ulgam, uly ykdysady çökgünligi başdan geçirýän Müsüre goldaw berýär.
Durna tansy
Leningradyň goranyş we gabaw muzeýinde türkmenleriň şäheri nädip gorandygy gürrüň berler
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny