Prezident Erdogan ýurduň ykdysady görkezijileriniň gaty gowydygyny aýtdy

Prezident Erdogan ýurduň ykdysady görkezijileriniň gaty gowydygyny aýtdy

Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy hem bolan Prezident Rejep Taýýip Erdogan, partiýasynyň Ysparta welaýatynda geçiren mitinginde eden çykyynda, ýurduň ykdysady görkezijileri barada beýanat berdi.

Durmuşa geçirilen maksatnamanyň netijeleriniň şu ýylyň ikinji ýarymynda görünip başlajakdygyny aýdan Erdogan: "Umuman alanyňda ýurduň ykdysady görkezijileri gaty gowy. Milli girdejimiz, iş üpjünçiligimiz, önümçiligimiz, eksportymyz taryhymyzyň iň ýokary derejesinde. Inflýasiýa peselmek bilen ykdysadyýetdäki bu oňyn görkezijileriň gaýtarmalaryny işgärlerimize we pensionerlerimize has gowy görkezmäge mümkinçilik taparys" diýip habar berdi.

Goranyş senagatynyň hem üstünde durup geçen Erdogan, uçarmansyz howa ulagy tehnologiýasynda dünýädäki ilkinji 3 ýurduň biri, milli harby uçar KAAN bilen hem 5-nji nesil uçar öndürip bilýän dünýädäki 4 ýurduň biri bolandyklaryny mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Akkuýu Atom Elektrik Bekedi 2028-nji Ýylda Ulanmaga Beriler
Erdogan: "Türkiye global güýç bolmak ugrunda ynamly ädimler bilen öňe barýar" diýdi
Türkiýe Döwrebap Harby Uçar Öndürmekde Möhüm Sepgide Ýetdi
Russiýa Britaniýanyň Harby Attaşesini Ýurtdan Çykarar
Sankt-Peterburg şäherinde Türkmenler Leningradyň goragynda atly çäre geçirildi