Gresiýa Harby Goşunda Özgertmeler Eder

Gresiýa Harby Goşunda Özgertmeler Eder

Gresiýanyň Goranmak ministri Nikos Dendias Türkiýäniň “Baýraktar TB-2” dronlaryna garşy Gresiýanyň territoriýasyny öz içine alýan dron goranyş ulgamyny döretjekdiklerini aýtdy.

“Naftemporiki” gazetine beýannama beren Nikos Dendias, grek harby goşunynda özgertmeler edip, öz goranyş tehnologiýalary maksatnamalaryny iş ýüzüne geçirjekdiklerini aýtdy.

Dünýäde we sebitde geosyýasy näbelliligiň soňky üç ýylda artandygyny we Gresiýanyň ähli şertlere taýýarlanmalydygyny nygtan Dendias habarçynyň; “Ukraina 21-nji asyrdaky söweşlerde dronlaryň we dronlardan goranyş ulgamlarynyň möhüm orun tutjakdygyny görkezdi.

Goňşy Türkiýe bu ugurda möhüm öňegidişlik etdi.Gresiýanyň ýagdaýy nähili” diýen soragyna; “Bu ugurdaky tehnologik ösüşiň global derejede söweşleriň barşyny üýtgedendigi mälim.Ermenistana soňky saparymda dronlaryň döwrebap söweş meýdanynda nähili peýdalanylandygy hakynda giňişleýin maglumat aldym.

Bilşiňiz ýaly ýurduň goşuny “Baýraktarlar” bilen bilelikde dronlardan giňden peýdalanýan goşunyň hüjümine sezewar boldy.Goranyş hyzmatdaşlygy üçin Ermenistan bilen işleşeris.Gresiýa bu ugurda ukybyny güýçlendirmäge çalyşýar.Gresiýanyň territoriýasyny öz içine alýan dron goranyş ulgamyny dörderis” diýip, jogap berdi.

Ýene degişli makalalar

Goşunyň howa güýçleriniň serkerdesi: Duşmanlar Eýrandan raketa atmazlygyny haýyş etdiler
“Palestinaly Doganlarymyzyň Iru-Giç Ýeňiş Gazanjakdygyna Ynanýarys”
Akkuýu Atom Elektrik Bekedi 2028-nji Ýylda Ulanmaga Beriler
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan ýurduň ykdysady görkezijileriniň gaty gowydygyny aýtdy
Hakan Fidan: "Türkiye hökmünde biz indi her ugurda we her stolda bardyrys" diýdi