Hakan Fidan: "Türkiye hökmünde biz indi her ugurda we her stolda bardyrys" diýdi

Hakan Fidan: "Türkiye hökmünde biz indi her ugurda we her stolda bardyrys" diýdi

Daşary işler ministri Hakan Fidan Adana welaýatynda agzaçar programmasyna gatnaşdy.

Programmada eden çykyşynda Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň gije-gündiz diýmän millet üçin zähmet çekip, göreş alyp barýandygyny aýdan Hakan Fidan, milli galkynyş eýýamyna gadam basylandygyny, onuň hem Türkiye Asyrydygyny beýan etdi.

Hakan Fidan: "Türkiye hökmünde biz indi her ugurda we her stolda bardyrys" diýip belledi.

Goranyş senagatynda ýerlilik we millilik görkezijileriniň 80 göterime ýetendigini aýdan Hakan Fidan: "Güýçli syýasy erk bilen milli serişdeleri we mümkinçilikleri artdyrmak bilen, ýurtdaky ähli terrorçylyk guramalarynyň bilini bükdük. Kim arkasynda durandygyna garamazdan, Siriýada we Yrakda terror koridoryna ýol bermedik we mundan soň hem ýol bermeris" diýip belledi.

Dünýäniň çylşyrymly we kyn tapgyry başyndan geçirýändigini aýdan Hakan Fidan: "Şu günki gün her dürli kyn şertlere garamazdan Ukraina, Gaza, Günorta Kawkaz, Yrak, Liwiýa we Balkan sebitinde bir tarapdan parahatçylyk üçin tagalla edýäris, beýleki tarapdan bolsa barlygymyzy, kowumdaşlarymyzy we musulman doganlarymyzy goramak üçin elimizden gelýän ähli zady edýäris" diýip habar berdi.

Palestina dawasyna-da eýe çykýandyklaryny aýdan Hakan Fidan: "Ýola goýan halkara basyş netije bermäge başlady.BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşinden ot açyşlygy bes etmek we gyssagly ynsanperwer kömegini bermek baradaky soňky karar munuň subutnamasy boldy.

Bu gezek hatda Amerikanyň Birleşen Ştatlary hem kararyň berilmeginiň öňüni alyp bilmedi.Ysraýyl zalymlygy bilen ýeke galdy.Gazadaky wagşyçylyklary bes etmek we Palestina döwletiniň aýak üstünde durjak adalatly parahatçylygy ýola goýmak üçin her platformada palestinalylaryň sesi we nepesi bolmaga dowam ederis" diýip mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Ärdogan Bagdatda Yragyň Prezidenti bilen duşuşdy
Daşary Işler Ministri Fidan Azerbaýjana Gitdi
Türkiýe-Yrak Howpsuzlyk Mehanizminiň Maslahaty Bagdatda Geçirildi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Hakan Fidan Yrak Türkmen frondynyň başlygy Hasan Turan Bilen Duşuşdy
Ankara-Bagdat liniýasynda täze döwür