Prezident Erdogan Gazanyň gaýtadan dikeldilmegi we howpsuzlygyň ýola goýulmagy meselesinde ygrarly

Prezident Erdogan Gazanyň gaýtadan dikeldilmegi we howpsuzlygyň ýola goýulmagy meselesinde ygrarly

Daşary işler ministri Hakan Fidan, penşenbe güni beren beýannamasynda, Türkiýäniň Prezidenti R. T. Erdoganyň Gazada howpsuzlygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagy meselesinde ygrarlydygyny aýtdy.

Hakan Fidan, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň ýolbaşçylyk etmeginde Waşingtonda geçirlen Parahatçylyk geňeşiniň maslahatynda eden çykyşynda Prezident Erdoganyň Gazanyň gaýtadan dikeldilmegi we howpsuzlygyň ýola goýulmagy meselesinde ygrarlydygyna ünsi çekdi.

Fidan “Ynsanlaryň 2 ýylyň dowamynda çeken jebir-jepasyndan soň ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň ýolbaşçylygynda edilen tagallalar netijesinde Gazada hüjümleriň bes edilmegi boýunça ylalaşyk gazanyldy” diýdi.

Hakan Fidan ylalaşyga garamazdan ynsanperwer kömeginiň halka ýetirilmeginiň çäklendirlendigini we düzgün bozmalaryň dowam edýändigini belledi.

Fidan “Prezident Erdogan Gazada howpsuzlygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagy we sebitiň gaýtadan dikeldilmegi meselesinde ygrarly. Türkiýe Gaza ynsanperwer kömegini bermäge dowam edýär” diýdi.

Daşary işler ministri Fidan, “Saglygy goraýyş we bilim ulgamlarynyň dikeldilmegine we polis güýçlerine harby tälim berilmegine uly goşant goşup bileris. Biz Halkara durnuklylyk güýjüne esger ugratmaga taýar. Türkiýe Trampyň adalatly we yzygiderli parahatçylyk üçin edýän tagallalaryna goldaw bermäge dowam eder. Parahatçylygyň iki döwletli çözgüde laýyklykda ýola goýuljakdygyna ynanýarys” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Fidan: Eýranda režimi üýtgetmek baradaky çagyryşlar sebitde has howply ssenariýlere elter
Erdogan: “Ýewropanyň howpsuzlyk binagärçiligi Türkiye bolmazdan kämil däl" diýdi
Türkiýe Eýran söweşi meselesinde Pakistan bilen gepleşik geçirer
Hakan Fidan rus we saud kärdeşleri bilen Ýakyn Gündogardaky meseleleri maslahatlaşdy
Kanadanyň Daşary işler ministri Türkiýede saparda bolar
Fidan Antalýada Pakistanyň Premýer-ministri Şerif bilen duşuşdy