Baýramalyda rugsatnamasyz dükan eýelerine jerime ýazmak işleri batlandy

Baýramalyda rugsatnamasyz dükan eýelerine jerime ýazmak işleri batlandy

Marynyň Baýramaly etrabynda Döwlet salgyt gullugynyň işgärleri rugsatnamasy bolmadyk hususy azyk dükanlarynyň eýelerine jerime ýazmak işlerini güýçlendirdiler. Salgyt gullugynyň işgärleri bu çäreleriň sebäbini Aşgabatdan barlag toparynyň gelendigi bilen düşündirýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 2-nji martda sebitden maglumat berdi.

“Salgyt gullugynyň işgärleri etrabyň tas ähli künjegindäki hususy dükanlara aýlanyp, rugsatnamasy bolmadyk söwdagärlere 2 müň manat möçberinde jerime ýazýarlar. Olardan dükanlaryny ýapmak hem talap edilýär” diýip, ýagdaýlardan habarly ýerli telekeçi anonim şertde gürrüň berdi.

Habarçymyz bu söwdagärleriň aglabasynyň öz işiginde, howlusynyň girelgesinde kiçiräk jaý galdyryp, onda dürli azyk harytlaryny, şol sanda tüwi, şeker, makaron we gök-bakja önümlerini satýan raýatlardygyny aýdýar.

Türkmenistanda raýatlaryň rugsatnamasyz dükan açyp, söwda etmegi gadagan edilýär. Häkimiýetler munuň sebäbini rugsatnamasyz söwdagärleriň salgyt tölemeýändigi we olaryň harytlarynyň döwlet arassaçylyk barlagyndan geçmeýändigi bilen düşündirýärler.

“Olara mundan ozal o diýen bir azar berilmeýärdi.Olar salgyt gullugynyň işgärleri bilen özara ylalaşyp işleýärdiler.Ykdysady kynçylyklaryň we işsizligiň arasynda, gurpdan düşen hojalyklaryň köpüsi üçin söwdanyň bu görnüşi gazanç etmegiň ýeke-täk çeşmesi bolup durýar.

Olaryň bu söwdadan o diýen uly möçberde girdejisi hem ýok.Olaryň rugsatnama almaga mümkinçiligi hem ýok.Sebäbi resminama almak işinde tanyşparazlyk we parahorlyk möhüm rol oýnaýar” diýip, habarçymyz belledi.

Rugsatnamasyz söwda edýän baýramalyly ene salgyt gullugynyň işgärlerine özüniň güzeran eklenjiniň agyr ýagdaýdadygyny, söwdanyň bu görnüşi bilen üç çagasyny ýeke ekleýändigini düşündirmäge çalyşandygyny aýdýar.

“Men olara dükanymy ýapsam, gök-bakja önümlerimiň ählisiniň zaýa boljakdygyny aýtdym. Ýöne salgyt gullugynyň işgärleri bu çäreleriň Aşgabatdan barlag toparynyň gelendigi bilen baglanyşyklydygyny aýtdylar. Häzir edaramyzda barlag geçirilip, kimde patent bolmasa, oňa jerime ýazmak talap edilýär. Ynha, bir salymdan barlaglar gitse, ýene ylalaşyp, işläberersiňiz diýdiler” diýip, baýramalyly söwdagär ene anonim şertde gürrüň berdi.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada Döwlet salgyt gullugynyň ýerli edarasyndan teswir alyp bilmedi.

Ýöne habarçymyz şu günler Mary welaýatyndaky edara-kärhanalaryň aglabasynda güýçli barlaglaryň geçirilýändigini aýdýar.

Bellesek bu maglumatlar, Marynyň edara-kärhanalarynda ýowar geçirilip, arassaçylyk işleriniň güýçlendirilmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Maryly býujet işgärleri habarçymyza beren maglumatynda bu işleriň 1-nji aprelde ministrlikleriň işgärleriniň Aşgabatdan Mary sebitine ugradylmagyna garaşylýandygy bilen baglanyşyklydygyny aýtdylar.

Azatlyk bu barada ýerli häkimiýetlerden teswir alyp bilmedi.

Ýöne ýurtda köplenç şuňa meňzeş çäreler, Aşgabatdan ýurduň sebitlerine barlagçylar iberilende ýa-da döwlet baştutanynyň welaýatlara amala aşyrýan saparlarynyň öňüsyrasynda batlanýar.

Türkmenistanyň berk döwlet gözegçiligindäki mediasy bu ýagdaýlar barada habar bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Ýolötende Remezan aýynyň dowamynda alkogolly içgileriň söwdasy ýatyryldy
“Türkmenfilm” birleşiginiň saç-sakgal we murt goýbermek barada aktýora beren Rugsat haty Internetde peýda boldy
Türkmenistanda şäherara awtobus ugurlary bölekleýin açylýar
Türkmenistanda şäherara awtobus gatnawlary bölekleýin dikeldilýär
2021-nji ýylyň 1-nji aprelinden şäherara awtobus gatnawlarynyň üçüsi synag hökmünde dikeldiler