Türkmenistanda şäherara awtobus gatnawlary bölekleýin dikeldilýär

Türkmenistanda şäherara awtobus gatnawlary bölekleýin dikeldilýär

2021-nji ýylyň 1-nji martyndan Türkmenistanda bölekleýin tertipde şäherara awtobus gatnawlary dikeldilýär. Hususan-da, gatnawlar Aşgabat Daşoguz we Daşoguz Aşgabat ugurlary boýunça bildirilýän sanitar-arassaçylyk talaplaryny berjaý etmek şerti bilen, synag hökmünde amala aşyrylar.

Türkmenawtoulaglary agentliginiň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, gatnawlar hepdede iki gezek amala aşyrylar. Şeýle hem bellenilişi ýaly, welaýatara we şäherara awtobus gatnawlary boýunça beýleki ugurlara girizilen wagtlaýyn çäklendirmäniň möhleti 2021-nji ýylyň 1-nji apreline çenli uzaldyldy.

Her bir ýolagçy ýol petegini almazdan öň, Aşgabat şäherine gelýän we welaýatara gatnaýan ýolagçylaryň hereketiniň Tertibine laýyklykda, ýaşaýan ýeri boýunça Saglyk öýünden COVID-19 esasynda saglyk kepilnamasyny almaly. Şeýle-de ýolagçylarda Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan döredilen topar tarapyndan Welaýatlara gitmek üçin iş toparynyň Rugsatnamasy bolmaly. Ýolagçylar ýazgyda duran ýerine yzyna dolanyp gaýtmagy üçin ýol petegini alýan wagty agzalan resminamalar talap edilmeýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-35-35, 44-35-31, 44-35-32, 44-35-33, 082.

Ýene degişli makalalar

Baýramalyda rugsatnamasyz dükan eýelerine jerime ýazmak işleri batlandy
Ýolötende Remezan aýynyň dowamynda alkogolly içgileriň söwdasy ýatyryldy
“Türkmenfilm” birleşiginiň saç-sakgal we murt goýbermek barada aktýora beren Rugsat haty Internetde peýda boldy
Awtomobil ulagynda daşamak işini we ulag-ekspedisiýa
Türkmenistanda şäherara awtobus ugurlary bölekleýin açylýar