Türkmenistanda şäherara awtobus ugurlary bölekleýin açylýar

Türkmenistanda şäherara awtobus ugurlary bölekleýin açylýar

2021-nji ýylyň mart aýyndan bildirilýän talaplary berjaý etmek şerti bilen, synag hökmünde, hepde-de iki gezek Aşgabat Daşoguz we Daşoguz Aşgabat ugurlary boýunça awtobus gatnawy ýola goýular. Welaýatara we şäherara awtobus gatnawlary boýunça beýleki ugurlara girizilen wagtlaýyn çäklendirmäniň möhleti bolsa 2021-nji ýylyň 1-nji apreline çenli uzaldylýar. Bu barada Türkmenawtoulaglary agentligi resmi saýtynda habar berýär.

Her bir ýolagçy ýol petegini almazdan öň, Aşgabat şäherine gelýän we welaýatara gatnaýan ýolagçylaryň hereketiniň Tertibine laýyklykda, ýaşaýan ýeri boýunça saglyk öýünden COVID-19 esasynda saglyk kepilnamasyny almaly. Şeýle-de ýolagçylarda Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan döredilen topar tarapyndan Welaýatlara gitmek üçin iş toparynyň Rugsatnamasy bolmaly. Ýolagçylar ýazgyda duran ýerine yzyna dolanyp gaýtmagy üçin ýol petegini alýan wagty agzalan resminamalar talap edilmeýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-35-35, 44-35-31, 44-35-32, 44-35-33, 082.

Şeýle-de okaň!

400 täze awtobus Aşgabadyň 140 ýyllygynda ýolagçylary mugt gatnadar

Türkmenhowaýollary halkara gatnawlar boýunça çäklendirmeleri 31-nji marta çenli uzaltdy

Türkmenistanyň ýol polisiýasy wideolar arkaly durmak kadalaryny bozulmasy üçin jerimeler barada duýdurýar

Ýene degişli makalalar

Baýramalyda rugsatnamasyz dükan eýelerine jerime ýazmak işleri batlandy
“Türkmenfilm” birleşiginiň saç-sakgal we murt goýbermek barada aktýora beren Rugsat haty Internetde peýda boldy
Awtomobil ulagynda daşamak işini we ulag-ekspedisiýa
Türkmenistanda şäherara awtobus gatnawlary bölekleýin dikeldilýär
2021-nji ýylyň 1-nji aprelinden şäherara awtobus gatnawlarynyň üçüsi synag hökmünde dikeldiler