Baýramçylygyň şanyna

Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeginde şanly Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllyk toýuny toýlamak üçin uly işler alnyp barylýar.Berkarar ýurdumyzda ähli ugurlarda ýokary zähmet ýeňişleri gazanylyp, döwrebap ýaşaýyş jaýlary, dürli önümçilik maksatly desgalar gurlup ulanmaga berilýär.Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 28 ýyllygynyň öňüsyrasynda ildeşlerimiziň toý şatlygyny goşalandyrýan wakalar bolup geçýär.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde un we çörek önümlerini öndürýän kärhana, Balkan welaýatynda döwrebap inkubator toplumy ulanmaga berildi. Şeýle hem ýurdumyzyň günbatar welaýatynda ildeşlerimiz täze öýlere göçüp bardylar.Ahal welaýatynda işe girizilen un we çörek önümlerini öndürýän kärhana Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Ýurtgeldi Şükürowa degişlidir. Ýurdumyzda ýetişdirilýän guşgursak ak bugdaýyň gaýtadan işlenilip, ýokary hilli önümleri öndürmäge niýetlenen bu kärhanada 50 adam zähmet çeker.

Bu önümçilik desgasynyň birinji tapgyry un öndürmäge niýetlenendir.Desganyň önümçilik bölüminde Türkiýeden getirilen ýokary tehnologiýalar oturdyldy. Önümçiligiň ýyllyk kuwwaty 93 müň tonna ýokary hilli un öndürmäge niýetlenendir.Geljekde önümçiligiň ikinji tapgyrynda çörek önümlerini öndürmek boýunça desganyň gurulmagy göz öňünde tutulýar.

Bu ýerde bolsa, ýylda 10 müň tonna çörek öndürmäge şert dörediler.Diýarymyzyň telekeçileri milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge mynasyp goşant goşýarlar.Olaryň hatarynda “Nurly meýdan” daýhan hojalygyny görkezmek bolar.

Bu hojalyk Balkan welaýatynda inkubator toplumyny gurdy.Bereket etrabyndaky täze inkubator toplumy her ýylda 14 million jüýje çykarmaga niýetlenendir.Täze toplum Belgiýa Patyşalygynyň “Petrsime” kompaniýasynyň kämil enjamlary bilen enjamlaşdyrylypdyr.

Umumy tutýan meýdany 100 gektara barabar bolan täze inkubator toplumy birbada 25 adamy hemişelik iş orny bilen üpjün etdi.Şeýle hem Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabat şäheriniň ýaşaýjylary üçin ýatdan çykmajak ýene-de bir ajaýyp waka boldy.

Ol hem 18 hojalyga niýetlenilip, gurlan üç gatly, ähli amatlyklary bolan döwrebap täze ýaşaýyş jaýynyň ulanmaga berilmegidir.Mundan başga-da, ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň Daşoguz şäherinde köp öýli ýaşaýyş jaýlarynyň üçüsiniň hem-de S.A.Nyýazow adyndaky etrapda himiki metaldan bezeg önümlerini öndürýän kärhananyň açylyş dabaralary geçirildi.

Daşoguz şäheriniň ýaşaýjylarynyň 80-si Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda baýramçylyk sowgadyna eýe boldular. Önümçilik desgasynda öndürilýän metal önümleri, dürli bezeg önümleri, çoýun önümleri we beýlekiler ýaşaýyş jaýlaryny hem-de beýleki desgalary gurmakda peýdalanmaga niýetlenendir.Şeýle hem ýurdumyzyň gündogar welaýaty hem baýramçylyga sowgatly geldi.

Halaç etrabynyň Garabekewül şäherinde täze medeniýet öýüniň açylyş dabarasy boldy.Ýurdumyzyň gündelik durmuşynda bolup geçýän taryhy wakalar hormatly Prezidentimiziň halkymyz üçin edýän atalyk aladalarynyň hem-de Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da ösdürmek babatdaky ýadawsyz tagallalarynyň iş ýüzünde durmuşa geçýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Döwletmyrat BÄŞIMOW,Türkmen döwlet binagärlik-gurluşykinstitutynyň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

11-nji noýabrda Ýaşlar atly gysga göwrümli çeper filmiň ilkinji görkezilişi bolar
Köpetdag myhmançylykda Merwden asgyn geldi
'Emelsiz dolandyryş' ýolagçylaryň ýol azabyny artdyrýar, ykdysady ösüşiň öňüni alýar
“Paýok” önümleriniň möçberi we görnüşi azalýar, çörek gyt, ilat orak möwsümine bil baglaýar
Türkmenistanda iri şahly mallarynyň haram ölmegi bilen bagly ýagdaý Lebaba ýetdi
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda