BEDEW BATLY, AT-MYRATLY, DIÝARYM!

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Türkmenistan” teleýaýlymy bilen bilelikde “Bedew batly, at-myratly, Diýarym!” ady bilen ýazgy edildi. Çykyş edenler “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzyň her bir güni täze-täze ösüşlere, ajaýyp ýeňişlere beslenip gelýär.

Biziň milli medeniýetimiz we sungatymyz bolsa ýurdumyzyň ykdysadyýeti bilen deň derejede sazlaşykda ösýär. Çykyş edenler bular hakynda nygtamak bilen ruhy gymmatlyklarymyzyň genji-hazynasy bolan ýurdumyzyň kitaphana ulgamynyň häzirki wagtda döwrebap ösdürilýänligi hakynda hem giňişleýin durup geçdiler.

Olar öz söhbetlerini türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň umumadamzat bähbitli beýik işleriniň mundan-buýana hem rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etmek bilen öz çykyşlaryny jemlediler.

Ýene degişli makalalar

Şekillere siňen bedewler
ADY ÄLEME DOLAN TÜRKMEN BEDEWI
DAŞOGUZ WELAÝATYNDA DÖREDIJILIK DUŞUŞYKLARY GEÇIRILDI
GELJEGE UZAÝAN NURANA ÝOLLAR
GARAŞSYZLYK BAKY BAGTYŇ AK ÝOLY
Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň wekiliýetiniň ýurdumyza sapary