BEDEW BATLY EZIZ DIÝAR!

Geljegi beýik döwletiň, At agynan düzleri bar.Gutaryp bolmaz söhbetin, Ýaz, tomus, gyş, güýzleri bar.Bedew batly eziz DIÝAR! _______________________________ Oram-oram obalary, Azym-azym şäherleri, Şypalydyr säherleri, Sahawatly illeri bar.

Bedew batly eziz DIÝAR! _______________________________ Giň gujagy lälezardyr, Halkyň mydam keýpi çagdyr, Jennet diýdiren mekandyr, Bagta barýan ýollary bar.Bedew batly eziz DIÝAR! _______________________________ Ruhy bardyr Erenleriň, Mekany sen keremleriň, Ýurdy bagty gelenleriň, Şat, bagtyýar illeri bar.

Bedew batly eziz DIÝAR! _______________________________ Nusgalykdyr, göreldesi, Dünýä doldy ýörelgesi, Gül açýandyr örelgesi, Zynat berýän gülleri bar.Bedew batly eziz DIÝAR! _______________________________ Arkasynda Arkadagy, Howandary Serdary bar, Ösüşleri ýar edinip, Diňe, öňe, öňe barýar, Bedew batly eziz DIÝAR! _______________________________ Ogultäç HOJANAZAROWA

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
BAGŞY DESSAN AÝDANDA