BAGŞY DESSAN AÝDANDA

Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý tutýar Garaşsyz Türkmenistanym!atly festiwalyň çäginde, 27-nji martda günüň birinji ýarymynda festiwala gatnaşyjylar Aşyk Aýdyň piriň aramgähine zyýarat etdiler.Daşoguz şäherindäki Bagşylar muzeýine aýlandylar.

Daşoguzyň N.Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda Bagşy dessan aýdanda atly konsert geçirildi.Konserte ýurdumyzyň dürli künjeginden gelen dessançy bagşylar, alymlar, şeýle hem, medeniýet-sungat işgärleri gatnaşdylar.

Konsertiň dowamynda welaýatlardan gatnaşýan dessançy bagşylar gymmatly mirasymyzyň ajaýyp nusgalary bolan türkmen dessanlaryndan uly joşgun bilen ýerine ýetirdiler.Bu konsert ýurdumyzda dessançylyk sungatynyň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.Konsert ýurdumyzyň birleşen dessançy bagşylar toparynyň ýerine ýetirmeginde Bedew batly at-myradyň mekany atly aýdym bilen jemlendi.

Ogultäç HOJANAZAROWA, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygynyň orunbasary

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý tutýar Garaşsyz Türkmenistanym! atly festiwalyň açylyş dabarasy
ORNUŇYZ TÖRDEDIR SARPAŇYZ BELENT, ÝAŞAÝŞA ÝARANDYR
BEDEW BATLY EZIZ DIÝAR!
TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY