Şahandaz, dilewar, märekesöýer halkymyz tarapyndan asyrlaryň dowamynda halk döredijilik eserleriniň umman ýaly hazynasy döredilipdir. Şol hazynanyň gymmatly bölegini epiki mirasymyz eýeleýär.Eposdyr dessanlar epiki mirasymyzyň ajaýyp nusgalarydyr.Olar agramlylygy, çeperligi, jadylaýjy täsiri bilen tapawutlanýar.
Dessanlar heňňamlar içre halkymyza ruhy lezzet berip geldi.Dessançy bagşylaryň ýerine ýetirmeginde tutumly toýlarda, dabaralarda aýdylyp gelen dessanlaryň we şadessanlaryň halkyň ruhuny götermekde, olarda geljege bolan umytly garaýyşlary döretmekde ähmiýetli orny eýeläp gelendigi ählimize mälimdir. Çünki aýdym-saz ynsanyň ruhuny täzeleýän hem-de halkyň taryhyny şöhlelendirýän sungatdyr.
Olarda halkyň geçmişi, şatlygy, göwün gussasy, durmuşynyň aýry-aýry pursatlary öz beýanyny tapýar.Mälim bolşy ýaly Görogly dessançylyk sungaty 2015-nji ýylda Türkmenistan tarapyndan hödürlenen ilkinji milli hödürnama hökmünde, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizildi hem-de umumadamzat gymmatlygy hökmünde ykrar edildi.
Dessançylyk türkmen milli aýdym we saz sungatynyň aýratyn bir ugry.Halkyň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolan bu sungat bagşydan sesiniň, ýatkeşliginiň we ýerine ýetirijilik ussatlygynyň ýokary derejesini talap edýän we köpasyrlyk taryha eýe bolan sungatdyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda halkyň ömürlik hemrasyna öwrülen bu ajaýyp sungatymyzy dünýä ýaýmakda, özboluşly ussatlygy bilen tanalýan dessançy bagşylarymyzyň döredijiligini we olaryň esasyny goýan halypa-şägirtlik mekdebini döwrebap ýollar bilen ösdürmekde ähli mümkinçilikler we şertler döredilýär. Şol maksatdan ugur alnyp, Daşoguz welaýatynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Daşoguz welaýat häkimliginiň bilelikde guramagynda geçirilýän, ýurdumyzyň dessançy bagşylarynyň gatnaşmaklarynda Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý tutýar Garaşsyz Türkmenistanym!
atly festiwal öz işine başlady. 26-njy martda ir säher bilen demir ýol menzilinde festiwala gatnaşyjylar duz-çörekli garşylandy.Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň öňündäki meýdançada medeniýet, sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy hem-de milli gymmatlyklarymyzyň sergisi guraldy.
Bu teatrda Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý tutýar Garaşsyz Türkmenistanym!atly festiwalyň açylyş dabarasy boldy.Festiwalyň açylyş dabarasyna Arkadag we Aşgabat şäherlerinden, ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan dessançy bagşylar we ussat sazandalar, şeýle hem alymlar, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar.
Açylyş dabarasynyň çäklerinde, Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň foýesinde türkmen milli aýdym-saz senetçiligine hem-de milli gymmatlyklarymyza bagyşlanan sergi guraldy.Dessançylyk sungaty, bu sungatyň özboluşly aýratynlygy, ýerine ýetirijilik däpleri, halypa-şägirtlik gatnaşyklary barada gyzykly çykyşlar edildi.
Açylyş dabarasynda Arkadag we Aşgabat şäherlerinden, ähli welaýatlarymyzdan gatnaşýan dessançy bagşylarymyzyň ýerine ýetirmeginde Görogly eposyndan şahalar hem-de beýleki türkmen dessanlary belentden ýaňlandy.Günüň ikinji ýarymynda Şabat etrabynyň Dilewar geňeşliginiň Altyn ýol oba medeniýet öýünde Dessançy bagşylar joşa gelende atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Maslahata sungaty öwreniji alymlar, mugallymlar we ussat bagşy-sazandalar gatnaşdylar.Maslahatda dessançylyk sungatynyň umumadamzat ähmiýeti, ösüş taryhy, dessançylyk ýolunyň ussat halypalary, bu gadymy sungatyň ýerine ýetiriliş aýratynlyklary hakynda täsirli çykyşlar, dessançy bagşylaryň ussatlyk bilen ýerine ýetiren dessanlary bilen utgaşdy. Şeýle hem, Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatry tarapyndan sahnalaşdyrylan Goly sazly, tili sözli Görogly atly sahna oýny festiwala gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.
Festiwalyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylar türkmen halkynyň gadymy döwürlerden gözbaş alyp gaýdan medeniýetiniň we sungatynyň düýpli öwrenilmegi hem-de kämilleşdirilmegi ugrunda uly tagallalar edýän, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.
Ogultäç HOJANAZAROWA, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygynyň orunbasary
