Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çäksiz goldaw-hemaýatlary netijesinde, döredijilik işgärleriniň döredijilikli işlemegi üçin ähli şertler, giň mümkinçilikler döredilýär.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany ýylynda, medeniýet we sungat işgärleriniň, ýazyjy-şahyrlaryň, žurnalistleriň ýurdumyzyň bedew batly ösüşleriniň many-mazmunyny giňden beýan edýän ajaýyp sungat eserleri, makalalary, şygyrlary, hekaýalary döretmekleri örän buýsançlydyr. Şu ýylyň 26-njy maýynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany ýyly hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, Balkan welaýat häkimliginiň bilelikde guramaklarynda, ýurdumyzyň döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap medeniýet merkezinde Bedew batly öňe barýar Garaşsyz Türkmenistan!
atly aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi.Döredijilik duşuşygyna Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Teatr sungaty fakultetiniň Aktýoryň ussatlygy we sahna dili kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň halk artisti Aşyrmyrat Gurbanow, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni Ogulgurban Gaşlakowa, Watan gazetiniň bölüm redaktory, şahyr Ogultäç Oraztaganowa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň Türkmenistanyň Döwlet hory, ýokary derejeli horuň artisti, Türkmenistanyň halk artisti Akmuhammet Hanow dagy gatnaşdylar.
Döredijilik duşuşygynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, häzirki döwürde ýurdumyzyň bedew batly ösüşleriň ak ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny, göwünleri galkyndyrýan ösüşleriň gazanylýandygyny uly buýsanç bilen bellediler. Şeýle hem, Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitaplarynyň döredijilikleriniň kämilleşmeginde, täze eserleriň döremeginde gymmatly hazyna, nusgalyk ýol-ýörelge bolup hyzmat edýändigini aýratyn nygtadylar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen bedewiniň dünýädäki şan-şöhraty barha belende göterilýär.Agzybir halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen ahalteke atlary halkara atçylyk sport ýaryşlarynyň we ählihalk dabaralarynyň bezegi.
Gözel paýtagtymyzda hem-de welaýatlarymyzda halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap atçylyk sport toplumlarynyň gurulmagy, ýurdumyzda atçylyk sportuna uly üns berilmegi, at üstünde ýerine ýetirilýän milli oýunlaryň yzygiderli kämilleşdirilmegi bu ulgamyň has-da ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmeniň ýelden ýüwrük dal bedewleriniň waspy indi ençeme asyrlar bäri dilleriň senasyna öwrüldi.Nusgawy edebiýatymyzda, halk döredijiligimizde, aýdym-saz sungatymyzda tarypy ýetirilen bedewler tomaşaly toýlarymyzyň bezegi bolmak bilen, seýkin basyp ýöreýşi, eýesine wepaly häsiýetleri arkaly indi ençeme asyrlar bäri dünýä halklaryny haýran galdyrýar.
Aty baryň — ganaty bar diýen pähimden ugur alýan türkmen halky bedew atyny özüniň iň wepaly dosty hasaplapdyr.Merdana pederlerimiziň buýsanjyna öwrülen ahalteke bedewleri irki döwürlerden bäri ýigidiň belent maksadyna ýetmeginde uçar ganaty bolupdyr.
Häzirki döwürde paýtagtymyz Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarymyzda gurlan döwrebap atçylyk sport toplumlarynda, halkymyzyň gadymy atçylyk däplerini we atşynaslyk sungatyny kämilleşdirmäge gönükdirilen iri möçberli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.Halkara ülňülerine laýyk gelýän atçylyk sport toplumlary diňe bir atçylygy ösdürmän, eýsem, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň jemgyýetimize pugta ornaşdyrylmagyna oňyn şertleri döredýär.
Milli gymmatlyklarymyzy sarpalan pederlerimizden miras galan bedewlerimiz dabaraly toýlarymyzyň bezegi, halkymyzyň ruhy syrdaşy.Häzirki döwürde behişdi bedewlerimiziň baş sanyny artdyrmak, atçylyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny kämilleşdirmek, milli atçylyk sportunyň gadymy däplerini üstünlikli dowam etmek babatda alnyp barylýan işler örän netijelidir. Ýurdumyzyň atşynaslarynyň, seýisleriniň, çapyksuwarlarynyň netijeli zähmet çekmekleri, atçylyk pudagyny ösdürmekleri üçin ähli şertler döredilýär diýip, çykyş edenler bellediler.
Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda berkarar döwlet, bagtyýar durmuş baradaky arzuw-islegler ör-boýuna galýar.Akyldar şahyryň parahatçylyk, agzybirlik taglymaty bu günki gün tutuş adamzady daşyna jemleýär. Şahyryň watanperwerlik, döwlet berkararlygy, il agzybirligi ýaly taglymatlary esasynda nesiller terbiýelenip, ynsan kalbynda orun alan pelsepewi pikirli şygyrlary halkymyzyň ruhy dünýäsinde nakyl we akyl bolup ýaşaýar.
Söz ussadynyň pähim-paýhasa ýugrulan şygyrlarynyň adamzadyň ruhuny tämizläp, barlygyň gözelligine, durmuşa bolan söýgini has-da ösdürýändigi baradaky pikirler hem çykyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Şeýle hem, häzirki döwürde dünýäniň döwletleri bilen ysnyşykly gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegi netijesinde, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrýan döwlet hökmünde halkara abraýyny belende göterýär.
Döwletleriň ynanyşmak arkaly gatnaşyklaryny pugtalandyrmaklary, Ýer ýüzünde parahatçylygyň dabaralanmagyna oňyn täsirini ýetirýär.Dünýäde ynamly gatnaşyklaryň dabaralanmagy bolsa parahatçylygyň kepiline öwrülýär - diýip nygtadylar.Döredijilik duşuşygy soňra Balkan welaýat kitaphanasynda dowam etdi.
Duşuşyklaryň dowamynda döredijilik işgärleriniň okan goşgularynda, sungat ussatlarymyzyň ýerine ýetiren ajaýyp aýdym-sazlarynda döwrümiziň bedew batly ösüşleri wasp edildi.Duşuşyga gatnaşanlar Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizi ösüşlere besleýän, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli döwletli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
